Çaý

21 Noýabr 2021
622

Il içinde her hili häsiýetli adamlar bolýar. Olardan özüni özgelerden tapawutly görkezjek bolýanlar has göze ilginç görünýär. Şeýle adamlaryň arasynda geýýän geýimlerini mazamlamagy halaýanam, iýýän-içýänini iliňkiden tapawutly görkezjek bolýanlaram bar. Biziň obamyzda içýän çaýyny mazamlaýan biri bardy. Ol hemişe ýanynda kiçijek gutuda çaý götererdi. O mahallar il arasynda «95-lik» çaýyny has tapawutlanan kişiler içmeli diýen düşünje bardy. Şonuň üçinem kim ýanynda göterip, hemişe şol çaýdan içýän bolsa, ilden öňe saýlananlaryň hataryna «goşulardy».

Men bu çaýdan henize çenli bir gezegem dadyp görmämsoň, «95-lik» çaýy şeýle bir üýtgeşik çaýdyr öýderdim. Bir üýşmeleňde ýaňky obadaşym ýörite demledip getirden çaýyndan öňki endigine görä, özüniň iki gapdalynda oturana hödür etdi. Onuň çep gapdalynda-da men otyrdym. Dogrusy, onuň hormat edip, elime tutduran ýarty käse çaýyny tolguna-tolguna içip başladym. Içimden «Birden lezzetini duýman galmaýyn» diýip, azajykdan owurtlap içdim. Onuň sagynda oturan «Baý, munuň tagamy üp-üýtgeşik eken. Çaý diýip şuňa diýäýseň!» diýip, magtamak-magtasa-da, men onuň beýleki çaýlardan asla tapawudyny duýmadym. Şol wagt «Men tagam duýmaýarmykam?» diýip, özüme müňkürligem etjek boldum. Ýöne şo pursat iýip oturan zatlarymyň tagamyny duýşum erbet däldi ahyry! Garaz, näme-de bolsa, şol iňkisim bilen öýe gaýtdym.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.