«Agaýana» — belli bu gün Diýara

31 Oktýabr 2021
907

Dünýä bazarynda bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmäge önjeýli goşant goşýan önümçilik kärhanalary, hususyýetçiler Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri hem sebitiň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän «Agaýana» hususy kärhanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiler ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak bilen baglanyşykly aladalaryndan, kömek-hemaýatlaryndan ruhlanyp işleýän bu iri önümçilik kärhanasy indi ençeme wagtdan bäri halkymyzyň gurluşyk harytlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak ýaly derwaýys işleriň ilerlemegine goşant goşmakda öwgä mynasyp işleri bitirip gelýär.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ilkinji bolup, gowaçadan we agaç gyryndylaryndan önüm öndürip başlan bu kärhananyň umumy meýdany 3,5 gektara barabar bolmak bilen, ol özüne degişli birnäçe bölümleriň binalaryny jemleýär. Bu ýerdäki bölümler bolsa dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilendir. Şonuň üçin hem kärhanada öndürilýän önümler döwrebaplygy we ýokary hil derejesindedigi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Desganyň esasy aýratynlygy bolsa, bu ýerde öndürilýän önümleriň çig malynyň 70 göteriminiň gowaçadan we agaç gyryndylaryndan bolmagydyr. Kämil enjamlar hem-de olary ussatlyk bilen işletmegiň hötdesinden gelýän işjanly hünärmenleriň birleşen tagallasy bilen taýýarlanylýan ýokary hilli önümlere diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Azerbaýjan, Özbegistan ýaly dostlukly döwletlerde-de uly isleg bildirilýändigi has-da guwançlydyr.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.