Ilkinji ýygymdan 44 sentner

31 Oktýabr 2021
782

35 ýyldan bäri ene toprak bilen iş salşyp, kärende ýerimizden bol hasyl alyp gelýän hem bolsak, şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň pagta ýygymy biziň üçin iň düşümli möwsüm boldy. Öz wagtynda ekiş geçirip, möwsümleýin agrotehniki işleriň ählisini ýokary hilli amala aşyryp, 5 gektar kärende ýerimizde jemi 6 gezek gowaçalaryň hatarara bejergisini, 6 ýola hem suw tutmak işini berjaý edip, bol hasyly kemala getirdik. Netijede, her gektar gowaça meýdanynyň ilkinji ýygymyndan 44 sentner hasyl alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen ýylyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrdyk.

Muňa garamazdan, ekin meýdanlarynda entek hasyl köp. Şonuň üçin hem pagta ýygymy möwsüminiň ahyryna çenli her gektaryň hasyllylygyny 50 sentnere ýetirmäge bizde doly mümkinçilik bar. Oba zähmetkeşleriniň ekinlerden bol hasyl alyp bilmekleri üçin hemme şertleri, mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýsenem ABDALOWA,
Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi.