Täze gerbisid öndüriler

7 Noýabr 2021
852

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýyllyk dolanyşygy 26 milliard dollara ýetýän «Marrone Bio Innovations» kompaniýasy haşal otlara garşy serişdeleriň bazaryna girmek maksady bilen, biogerbisidleriň täze üç görnüşini hödürlemäge taýýarlanýar.

Täze önümler barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kewin Helaş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine şeýle gürrüň berdi: «Häzir haşal otlaryň aglabasy ozaldan ulanylyp gelinýän gerbisidlere uýgunlaşdy. Şonuň üçin hem täze gurluşlara zerurlyk bar. Biziň täze gözleglerimiz ekologiýa taýdan arassa bolup, fermerleriň has ýokary hasyl almagyna ýardam berer».

Şemsi BAPBYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.