"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy we saglyk hukugy

Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmegiň, ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmegiň esasy ugurlary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde bellenendir. 2021-nji ýylyň 26-njy martynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň saglygy goraýyş bilen bagly maksatlaryna salgylanyp, onuň görkezijilerinden ugur alynýandygyny görmek bolýar. Maksatnamada raýatlaryň saglygyny ömrüniň ähli tapgyrynda goramak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşy bilen baglylykda döreýän keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini kämilleşdirmek bellenilýär. Şeýlelikde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi saglygy goraýşyň kämil we ygtybarly ulgamyny kemala getirmäge, Türkmenistanyň dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki derejesini has-da belende götermäge ýardam berýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň maksady adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmekden, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmekden hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýok

Goňşy mertebesi beýik

Geçmişde şöhratly ýollary geçen ata-babalarymyz nesillerimize «Goňşy — goňşynyň aýnasy», «Goňşy — goňşa hemsaýa» diýen ýaly parasatly pähimleri miras galdyrypdyr. Bu asylly ýörelgeler halkymyzyň daş-töweregi bilen il bolup, dost-dogan bolup, ysnyşykly ýaşamak ýaly asylly häsiýetlerini açyp görkezýär. Türkmeniň myhmansöýer, dostlukly we parahatçylyk söýüjilikli, şol sanda goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk eýerýän halkdygyna taryh şaýat. Bu asylly ýörelge häzirki bagtyýar günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigi geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparyndan soň has-da aýdyň ýüze çykdy. Halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynda täze sahypa öwrülen bu sapar türkmen-özbek dostlugy hakynda ýakymly oýlara atarýar. Özbegistan diýlende, gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk gatnaşyklary hakydaňa dolýar. Türkmen hem-de özbek halklary asyrlaryň dowamynda egin-egne berip, dost-dogan bolup ýaşapdyrlar. Häzirki döwür barada aýdylanda, bu gatnaşyklar has-da berkedi, pugtalandy. Türkmen-özbek dostlugy hakynda pikir öwreniňde, bir gözbaşdan gaýdan iki çeşme, bir düýpden gaýdýan iki şaha, bir Günden gaýdýan iki şöhle biygtyýar göz öňüňde janlanýar.

Harmanlar beýgelýär

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşigi gallanyň, pagtanyň öndürilişinde her bir ýyly guwandyryjy görkezijiler bilen jemleýär. Daýhan birleşigiň kärendeçiler toparlarynyň ýer eýeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ekiş geçirilen 1232 gektardaky gowaça meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ideg işlerini geçirip, bereketli hasylyň kemala gelmegini gazandylar. Munuň şeýledigine gowaçaly atyzlardaky açylan gozalara gözüň düşende has aýdyň göz ýetirýärsiň. Pagta ýygymy Bazar Bäbekowyň baştutanlygyndaky 2-nji kärendeçiler toparynda has gyzgalaňly barýar. Toparyň kärendeçileriniň eýeçiligindäki ekin meýdanynyň möçberi 84 gektara barabar. Şol meýdanlaryň gowaça düýplerindäki açylyp oturan gozalary göreniňde, şeýle hasylyň kemala gelmegi üçin daýhanlaryň bimöçber zähmet çekendigi aýan bolýar. Toparda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň abyny-tabyny kemsiz ele alan kärendeçiler az däl. Şolaryň biri-de, Akjemal Seýitmyradowa. Kärendeçi gelniň ygtyýarynda gowaçaly meýdanyň 1,40 gektary bar. Şol ýerden meýilnama laýyklykda, 2,338 kilogram pagta öndürmeli. Bitginli hasyly ýetişdiren daýhan gelniň ýoldaşy Hanmät Toýlyýew öz maşgala agzalary bilen ilkinjileriň hatarynda pagta ýygymyna girişdiler. Gündelik ýyglyp, harmana getirilýän hasyl 180 — 200 kilogram möçberde bolup, kärendeçi gelin pagta öndürmegiň şertnamalaýyn bor

Goýunlaryň güýz ýüňüniň ähmiýeti

Biziň ýurdumyzda goýunlaryň, esasan, saryja we garaköli tohumlary ösdürilýär. Saryja goýunlary et-ýag we ýüň ugurly, garaköli goýunlary bolsa bagana ugurly tohumlara degişlidir. Saryja goýunlary Türkmenistanyň çäginde halk seleksiýasynyň parasatly usullary arkaly döredilen tohumdyr. Bu mallar et-ýag we ýüň ugurly tohum bolup, guýrukman goýunlara girýär. Saryja goýunlary daýhan birleşikleri boýunça, esasan, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Gökdepe we Bäherden etraplarynda ösdürilýär, hususy eýeçilikde bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Bu goýunlar türkmen halylary üçin gymmatly çig mal bolan ýarym irimçik ak ýüňi, ýokary hilli et-ýag önümini we ýüňli derileri almak üçin saklanylýar. Garaköli goýunlary bilen deňeşdirilende, özüniň çalt semremäge bolan ukyby, ýokary et-ýag önümliligi (olar iri mallar bolup, diri agramy garaköli goýunlaryňkydan 8 – 10 kilogram köpdür) we gymmatly ak ýüňi berýändigi bilen tapawutlanýar.

Hytaýda ekin ekip bolýan 51 gatly bina gurlar

Şençžen şäherinde gurulmagy niýetlenen, beýikligi 218 metre deň bolan bu binanyň taslamasy italiýaly binagär Karlo Ratti tarapyndan taýýarlandy. Binanyň 10 müň inedördül metrinde ösümlikler gidroponik usulda ösdüriler. Eýsem, gidroponik nähili usul? Bu usulda ösümlik suw we mineral erginleriň kömegi arkaly ösdürilýär we ýer tygşytlanylýar.

Kosmosda burç gülledi

Halkara kosmos bekedinde ilkinji gezek burç gülledi. Bu barada amerikaly astronawt Megan Mak Artur özüniň «Twitter» jemgyýetçilik torundaky sahypasynda mälim etdi. — Kosmosdaky ajy burçumyz gülledi. Biz bir hepdeden burçuň miwelerini görüp bileris — diýip, astronawt belledi.

Kelem — melhem ösümlik

Amerikaly alymlar kelemiň ýygy-ýygydan ulanylmagynyň ömri uzaldýandygyny, bedeni onkologiýa kesellerine sebäp bolýan howply çişlerden goraýandygyny subut etdiler. Kelem K we V6 witaminlerine, kalsiý, kaliý, tiamin we foliý kislotasyna baýdyr. Mundan başga-da, onuň düzüminde C witamini we marganes ýaly antioksidantlar bar. Önümdäki sulforafan bolsa howply täze döremelere we dürli bakteriýalara garşy göreşýär. Hut şu birleşme aşgazanasty mäzinde howply täze döremäniň öňüni almaga ýardam berýär.

Şir ýürekli serkerde. Taryhy şahsyýetler barada aýdylan rowaýatlar esasynda (Hekaýa)

Mahmyt täjiriň gyzy Şeýdabibi üçin sawçylyga gelen daýzalar giň otagdaky sekiniň üstünde ýazylan saçak agzyňy suwardýan naz-nygmatdan doly bolsa-da, edil doýan guş ýaly bolşup, onuň daşynda äwmezlige salyp, ümsüm oturdylar. Ahyry bu ümsümligi öý bikesi Naryma hanym bozdy: — Eziz myhmanlar, döwletli gapymyza hoş gelipsiňiz! Timuryň enesi häliden bäri sessiz-üýnsüz otyrsyňyz, näme habaryňyz bolsa aýdyp oturyň, eşideli!

Geliň, örtük dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-ne bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4...+6°, gündizine +19...+21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygy berkeýär

1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Özbegistan Respublikasyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy we himiýa senagaty üçin harytlary satyn almak boýunça taýýarlanýan teklipler barada hasabat berdi.

Garaşsyzlykdan galkynan oba hojalygy

Halkymyz her ýylyň güýzünde döwlet derejesinde naýbaşy baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçýär. Eziz Diýarymyz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň köp ugurlardaky ösüşiniň gözbaşy bolup, dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekip, halkara derejesinde abraýyny artdyrdy we döwletimiz dünýäniň iň çalt ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzda obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda, sanly ulgam arkaly ýerden bol hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge, daşary döwletlerden getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ornuny çalyşmaga hem-de eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal-ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Nurana geljegi nazarlap....

Gahryman Arkadagymyzyň «Maşgala — bu kiçijik döwlet» diýip belleýşi ýaly, döwlet maşgaladan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda her bir maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Munuň özi ilatyň sanynyň köpelmegine, maşgalada sagdyn nesliň kemala gelmegine, ynsan ömürleriniň uzalmagyna oňyn ýardam edýär. Halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaklary ugrunda ýurdumyzda ilatyň yhlasly zähmet çekmegi, saýlap alan ugrundan bilim almagy we hünär öwrenmegi, döredijilikli işlemegi, söwda, dynç alyş hem-de sagaldyş gulluklarynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan elýeterli peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa ýurt Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, halkymyzyň bagtyýar şu gününi, nurana geljegini nazarlaýar.

«Garaşsyzlyk — bagtymyz»

Hormatly Arkadagymyzyň ata Watanymyza bolan çuňňur söýgüsinden, eziz iline bolan mähir-yhlasyndan kemala gelen «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabyny halkymyza sowgat etmegi ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna özboluşly many çaýan taryhy waka boldy. Bu gymmatly täze kitap, dünýä deýin gözel kalply Gahryman Arkadagymyzyň — hakyky watançynyň, ynsanperwer we parasatly syýasatynyň jöwher zehininden dörän many ummanydyr. Ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde bitirilen işlerden, geçilen belent maksatly ýollardan söz açýan bu kitap, ylla Garaşsyzlyk döwrüniň altyn harplar bilen ýazylan taryhy mysalydyr. Çünki onuň her sahypasyny açanyňda, göz öňüňde geçilen ýyllarda gazanylan ösüş-özgerişler ýekän-ýekän janlanýar. Belent döwrüň badyna bat, halkymyzyň ruhuna ruh goşjak toý sowgadyňyz – ajaýyp kitabyňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz! Älemgoşar öwüşginli AşgabatÄlemgoşar öwüşginli Aşgabat

Watan toýuny zähmet ýeňşi bilen beslänler

Geçen hepdäniň duşenbe güni agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny uly toý dabaralaryna besläp, belläp geçdi. Baýramçylyk günlerinde zähmet ýeňşini gazanan, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjylar özleriniň ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler. Sylapgeldi MÄMMEDOW, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Garaşsyzlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýesi:

Saňa at diýmerin, gardaş diýerin

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!

Bugdaýyň täze döredilen «Garaşsyzlyk – 30» sorty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna edermen gallaçylarymyz türkmen topragyndan Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu ýetilen sepgidiň özeninde biziň seçgiçi alymlarymyzyň hem mynasyp paýy bar. Biziň institutymyzyň janypkeş alymlary tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli güýzlük ýumşak bugdaýyň «Garaşsyzlyk — 30» atly täze, döwrebap sorty döredildi hem-de döwlet synagyny geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikleriň döwlet sort synag edarasyna tabşyryldy. Guşgursak ak bugdaýyň «Garaşsyzlyk — 30» sorty «Türkmenistanda bugdaýyň ýokary hasylly sortlaryny döretmek we ilkinji tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmak» atly tema boýunça oba hojalyk ylymlarynyň doktory Döwletgeldi Myradowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetirilýän doktorlyk dissertasiýa işimiziň netijesinde döredildi.

Garaşsyzlygyň gunça gülleri

Güneşli Diýarymyzda dabaraly bellenilýän şanly seneleri sowgatly garşylamak indi asylly däbe öwrüldi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň döreden goşgulary Baş baýramymyza toý sowgady boldy. Diýar

Geliň, örtük dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 04-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +21... +23° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.