«Garaşsyzlyk — bagtymyz»

3 Oktýabr 2021
801

Hormatly Arkadagymyzyň ata Watanymyza bolan çuňňur söýgüsinden, eziz iline bolan mähir-yhlasyndan kemala gelen «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabyny halkymyza sowgat etmegi ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna özboluşly many çaýan taryhy waka boldy. Bu gymmatly täze kitap, dünýä deýin gözel kalply Gahryman Arkadagymyzyň — hakyky watançynyň, ynsanperwer we parasatly syýasatynyň jöwher zehininden dörän many ummanydyr. Ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde bitirilen işlerden, geçilen belent maksatly ýollardan söz açýan bu kitap, ylla Garaşsyzlyk döwrüniň altyn harplar bilen ýazylan taryhy mysalydyr. Çünki onuň her sahypasyny açanyňda, göz öňüňde geçilen ýyllarda gazanylan ösüş-özgerişler ýekän-ýekän janlanýar. Belent döwrüň badyna bat, halkymyzyň ruhuna ruh goşjak toý sowgadyňyz – ajaýyp kitabyňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz!

Älemgoşar öwüşginli AşgabatÄlemgoşar öwüşginli Aşgabat