"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Öwütleriňiz şamçyragdyr ýolumyza!

Islam IKRAMOW,Türkmen oba hojalyk institutynyň agroinženerçilik hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

Alabaýym sen!

Adam ata şu barlyga gelende, Ilkinji dost bolan alabaýym sen.Bu gün şan-şöhratyň galdy belende,Gazan deý kelleli alabaýym sen. Darkaş gurduň gaplaň bilen, bars bilen,Üstün çykdyň söweşeňde hyrs bilen,Ähli zamanada bize dost bolan,Iň wepaly ýoldaş alabaýym sen.

Milli gymmatlygyň sarpasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ynsanyň iň bir ýakyn dosty, goragçysy hasaplanýan alabaýlar türkmeniň geçmişinde, häzirki döwründe esasy orny eýeleýändir. Olaryň duýgurlygy, hüşgärligi, wepadarlygy hem-de kyn günüňde ýakyn dost kimin ýardam edýänligi aýdylana güwälikdir. Türkmen milletini, onuň geçmişini alabaýsyz asla göz öňüne getirmek mümkin däl.

Guwanjym, buýsanjym, Garahanym sen!

Çarymyrat Hudaýberenow diňe bir Baýramaly etrabynda däl, eýsem, sebitde hem adygan itşynaslaryň biri. Biz golaýda pälwan köpekleri ýetişdirmekde baý tejribe toplan bu it janköýeri bilen söhbetdeş bolup, türkmen alabaýlary bilen baglanyşykly gürrüň etdik. Türkmen alabaýyna bagyşlanan sahypamyzda şol gürrüňdeşligi okyjylara ýetirmegi makul bildik.  — Çarymyrat, itşynas bolmagyňyza täsir eden zatlar hakynda söhbede başlaýsaňyz?!

Itiň demi — süňküň emi

Rowaýata görä, bassyr telim ýyl gelen gurakçylyk sebäpli salgydyny töläp bilmedik ýigidi hanyň nökerleri bendilige salýarlar. Bu habary eşiden garry tebip — ýigidiň atasy dessine hanyň huzurynda peýda bolup, agtygyny bendilikden boşatmagy haýyş edýär. Ýöne gojanyň özelenmesini diňlemedik han:

Şalyny segbanlara goradypdyrlar

Irki döwürlerde gum depelerini etekläp geçýän akabalaryň golaýynda şaly hasyla duruberende, oňa ýabany doňuzlar girip, leýs edýän eken. Ýyrtyjylaryň bu hereketiniň öňüni almak üçin edilen aladalar netije bermändir. Oba adamlary bu mesele bilen baglanyşykly ýardam etmegini sorap, it ýetişdirýänlere (segbanlara) ýüz tutupdyrlar. Bu işi öz boýunlaryna alan segbanlar turuwbaşdan öz bakýan itlerini çöl ýyrtyjylary bilen bolup biläýjek çaknyşyklaryna taýýarlap başlapdyrlar. Olara töwerekleýin tälim berip ugrapdyrlar. Segbanlaryň öz itleri bilen geçýän türgenleşikleri netijesini beripdir. Özlerine öwredilýän «söweş» tilsimlerini gowy özleşdiren alabaýlar şalyny torç etmäge gelen ýyrtyjylaryň garşysyna çykarylanda ýeňiş gazanypdyrlar. Şaly meýdanlaryna girjek bolanlarynda her gezek itlerden ulukjyn alýan meýdan doňuzlary soňlugy bilen ekine zyýan ýetirmelerini bes etmeli bolupdyr. Alabaýlara «köwüş» geýdirilipdir

Gawun-garpyzy saýlajak bolsaň...

— Bazardan höwes edip, ullakan garpyzy saýlap aldym welin, öýe gelip, kesip görsem, çig çykaýdy — diýip, biri zeýrendi. — Şu ömrüňi obada ýaşap, gawun-garpyzyň bişenini, bişmedigini tanamagy öwrenmediňmi? — diýip, diňläp oturanlaryň biri onuň özüni ýazgardy.

Daglylaryň garyn saryýagy

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Leýlimekan obasynda taýýarlanylýan garyn saryýagy pederlerimizden biziň şu günlerimize gelip ýeten iýmitlik nygmatlaryň biridir. Obanyň ýaşaýjylary bu meşhur garyn saryýagyny ýagy alynmadyk süzmeden taýýarlaýarlar. 4 – 5 kilogram süzmäni tal agajyndan ýasalan boýy 100 – 110 santimetr uzynlykda, ini 20 – 25 santimetr inlilikde güpä salýarlar. Güpä salnan süzmäniň üstünden, takmynan, 10 litr suw guýlup aýran görnüşine gelýänçä, pişekleýärler, 45 – 50 minutdan soňra, aýranyň ýüzünde mesge-saryýag emele gelýär. Emele gelen mesge-saryýagyň ýüzüne elleri bilen az-azdan ýylymtyk suw sepeleýärler, şeýle edilende, ýaglar biri-birleri bilen birigýärler. Alnan saryýag bir gat hasadan iki gezek geçirilýär. Saryýagy her kim öz islegine görä düzläp taýýarlaýarlar. Soňra bir goýnuň garnyny ýuwup, arassalap alýarlar. Alnan garnyň pürli tarapyny daşyna edip, içini ýelläp, agzyny berk daňyp, garyn guraýança asyp goýýarlar. Garyn guransoň ýelini ýuwaşlyk bilen çykaryp, süzmäniň sary suwuna 1 aýlap ezip goýýarlar. Her 2 – 3 günden süzmäniň sary suwuny täzeläp, garny ýuwup durýarlar. Garyn ýumşap, ysy doly aýrylyp, ak görnüşine gelip, taýýar bolýar. Taýýar bolan garny saryýagdan dolduryp, ýüp bilen içine howa girmez ýaly berkidip, daňyp goýýarlar.

Sagdyn bolmagyň düzgünleri

Pasyl çalşygynda dem alyş ýollarynda ýiti respirator ýokançlaryny döredýän keseller köp duş gelýär. Çünki kä halatlarda bedeniň aşa sowamagy ýa-da gyzmagy sebäpli immunitet peselip, ýiti respirator keseli bilen kesellemek ähtimallygy ýokarlanýar. Ýiti respirator ýokanjynyň birnäçe görnüşleri bolup, olar dem alyş ýollaryny zeperlendirýär. Bedeniň gowşamagy, kelleagyry, bokurdagyň agyrmagy, üsgülewük, ysytma ýiti respirator ýokanjyny güman etmäge esas berýän ilkinji alamatlar bolup durýar. Ýiti respirator ýokanjy bilen kesellän näsag öýde bejergi alanda, maşgala agzalary tarapyndan seredilende, keseliň öňüni alyş düzgünleri doly we dogry berjaý edilmese, sagdyn adama ýokuşmagy mümkindir. Islendik ýokanç keselden, şol sanda ýiti respirator ýokanjyndan goranmak hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň üçin ýiti respirator ýokançlaryň döremeginiň öňüni almaga kömek edýän arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek ýeterlikdir. Kesellerden goranmak üçin üsgürýän, asgyrýan adamlara ýakynlaşmakdan saklanmaly, ýiti respirator ýokanjyndan goraglylygy üpjün edýän agyz-burun örtügini dakynmaly.

Tokaýy ýangyndan goralyň!

Tokaý zolaklary bizi ýaşaýyş üçin zerur bolan arassa howa bilen üpjün edýär. Bagy-bossanlyk güýçli ýelleriň badyny gowşadyp, suw joşgunlaryndan goraýar, tomsuna howanyň gyzgynlygyny salkyn saýasy bilen peseldýär. Häzirki döwürde tokaý zolaklaryny döretmek, baýlaşdyrmak we olary ýangyndan gorap saklamak boýunça biziň goraghanamyzda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwlet ätiýaçlygynyň, daýhan birleşikleriniň çäklerine girýän tokaýly meýdanlar juda köp. Köplenç, şol tokaý meýdanlarynda we onuň ýanaşyk ýerlerinde adamlar tarapyndan hojalyk işleri amala aşyrylýar, mal bakylýar, tarp ýerler özleşdirilip, ekin ekilýär. Höwesjeň balykçylar derýada balyk tutýarlar, tokaýda dynç alýarlar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ýurdumyzda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berildi

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk özgertmeleri

«Milli ykdysadyýet» diýlende, ilki bilen oba hojalyk pudagy, onuň ösüş ýoly baradaky pikirler seriňe dolýar. Ylaýta-da, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gallaçy daýhanlarymyz agrotehniki çäreleri öz wagtynda dogry we ýokary hilli geçirmek bilen, ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Şu ýyl hem gallaçy daýhanlarymyz 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp sowgady boldy. Azyk üpjünçiliginiň özeni bolan guşgursak bugdaý bilen halkymyz doly üpjün edilip, onuň ätiýaçlyk mukdary öňdebaryjy enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edilen ammarlarda saklanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde däneçilik azyk bolçulygynyň binýady hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň düzüminde aýratyn orny eýeleýär, çünki türkmen topragynda asyrlaryň dowamynda çörek iň gymmatly baýlyklaryň biri, halkyň rysgal-berekedi hasaplanypdyr. Bu günki gün Watanymyzyň ýylsaýyn beýgelýän altyn öwüşginli bugdaý harmanlary türkmen saçaklarynyň bolçulygyny, abadançylygyny, ýurdumyzyň we halkymyzyň rowaçlygyny aňladýar.

Täze gazturbinaly elektrik stansiýasy işe girizildi

3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu taslama Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Megerem, dünýäde ýolagçy bolup görmedik ynsan ýok bolsa gerek. Onda-da adamzat jemgyýetinde ylmy-tehnologiýanyň ösen häzirki döwründe «ýol», «ýolagçy» diýen jümleleri biziň her birimiz ýygy-ýygydan dile alýarys. Munuň özi biziň durmuşymyzyň öýümizden daşaryk ädimläp ugraýan ýerimizden başlanýan, jemgyýetçilik, ykdysady, medeni we beýleki ähli gatnaşyklar babatda iň möhüm wezipäni eýeleýän ak ýollar bilen berk baglydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz sagdyn jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmegi, olaryň giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy her bir çykyşynda ündeýär. Şolaryň arasynda ulag-ýol hereketiniň kadalaryny doly bilmek we olary dürs ýerine ýetirmek bilen bagly wezipeler hem öňe sürülýär. Şuňa laýyklykda, ata Watanymyzda tutuş ýurt boýunça her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreleri guralýar.

Soňlanmajak bagtyň mukamy (Nowella)

Sähetmyrat gullukdan geleli bäri Nurgül ejäniň oý-pikiri ogluny öýermekdi. Otursa-tursa onuň şu meseläni gozgap, Sähetmyradyň ýüregine düşübermesi bardy. Gelin edinmek küýsegi kalbyny ymykly eýelänsoň, ene ýüregindäkini mydama dile getirýärdi: «Öň-ä «Okuwymy dynaýyn» diýdiň! Soň «Gullugy tamamlaýyn» diýdiň! Indi näme diýjek, haçana çenli garaşmaly men?! Sen-ä işe gidýäň, Sona-da okuwa. Men bolsa dört diwaryň arasynda ýeke özüm oturýan. Meniňem agtyk söýesim gelýär. Agtyklarym daşymda jagyl-da-jugul bolup otursady... Bu dymmalygyň, agraslygyň bilen näbileýin-dä gelinlik tapaýjagyňy?! Meniň saýlan gyzlaryma-da göwnüň ýetmän geçdi». Kämahal Sähetmyradyň öýde wagty Sona joralary bilen tirkeşip öýe gelerdiler. Öz ýanyndan bolsa: «Doganym şu joralarymdan birini halaýmazmyka?» diýip, umyt ederdi. Hernäçe umyt edilse-de, Sähetmyrat gyzlara gabak galdyrmaýardy. Bir bahana arap, öýden çykyp giderdi. Sähetmyrat toý-tomga-da kän bir gidip durmazdy. «Dostum-ýenäm» diýip, öýdenem çykybermezdi. Mydama öz işleri bilen gümra. Kalbynda özüne mynasyp ýar tapmak, maşgala gurmak höwesi ýigidem öz ugruna goýanok. Ýöne çekinjeňligi zerarly gyz gözlerine seredip, ýeke agyz söz diýip bilmese nätsin görgüli! Nurgül eje-de oglunyň bu bolşuny gaty alada edýärdi. «Atasynyň agraslygy, dymmalygy geçäýipdir balama» diýip, uludan dem alardy.

Türkmen gawunlarynyň eksporty

Bereketli türkmen topragynyň nygmatlarynyň dünýä ýüzündäki hyrydarlary barha köpelýär. Türkmen gawunlarynyň meşhur görnüşleriniň biri bolan gülaby gawunlary ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde satylyp başlanar. Metbugat sahypalarynda habar berlişi ýaly, gawunlaryň bu görnüşi dostlukly döwlete «Miweli ülke» hususy kärhanasy tarapyndan eksport edildi. Türkmen gawunlarynyň eksportunyň ilkinji tapgyrynyň Dubaý şäherinde uly gyzyklanma eýe boljakdygyny ynam bilen aýdyp bileris.

Mekgejöwen labirinti

Kanadanyň Britan Kolumbiýasy welaýatynyň Çilliwake şäherindäki mekgejöwen ekin meýdanyny labirinte öwürdiler. Ol hem köp sanly myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Kanadaly kärendeçi öz ekin meýdanyna täze öwüşgin berdi. Onuň ekin meýdany diňe oba hojalyk üçin däl, eýsem, syýahatçylyk maksatlary üçin hem ulanmaga mümkinçilik berýär.

Kaktusdan sport aýakgaby

Fransiýanyň Tuluza şäherindäki «Ohtli» brendi kaktusdan sport aýakgabyny öndürmäge başlady. Bu önümçilik üçin Meksikada bitýän kaktusdan peýdalanylýar. Kaktusyň iňňeleri arassalanyp, kaktus inçe gatlaga bölünip, ol hem guradylýar. Şonuň esasynda alynýan serişdeleriň çeýedigi üçin ol adaty deriniň ornuny tutup bilýär. Aýakgabyň plastiki serişdeleri, sapagy we beýlekiler ummanlardan toplanyp alnan plastiklerden ediler. Olar gaýtadan işlenilip, ondan aýakgap üçin goşmaça serişdeler taýýarlanýar.

Zümerret agajy

Wengriýa döwletiniň çäginde ýerleşýän Balaton kölüniň golaýynda ekilen täsin gibrid agaçlary ýurtda howanyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär. «Paulownia Clone In Vitro 112» atly bu agaçlar başgaça, zümerret agajy diýlip hem atlandyrylýar. Bu agaçlaryň her gektary bir ýylda 100 tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirip bilýär. Kökleriniň hapalanan topragy arassalamaga bolan ukyby bolsa, onuň ýene bir özboluşly aýratynlygydyr. Zümerret agajy daşky üýtgäp durýan şertlere, ýylylyga hem-de aýaza çydamly bolup, onuň ösmegi üçin adatça, beýleki agaçlaryň talap edýän suwunyň ýarysy hem ýeterlikdir. Şeýle-de, ol 5 – 6 ýylda 20 metre çenli ösýär, otuz ýylda olar eýýäm kesmäge ýaramly bolýar. Mebel önümçiligi üçin ýöriteleşdirilen agaçlaryň kesmäge ýaramlylyk wagty 60 – 80 ýyla golaýdyr. Bu agajyň ýapraklary uly bolup, gowy kölege berýär, howany arassalaýar we çyglandyrýar. Wengriýada ösdürilýän bu agaç bilen dünýäniň birnäçe ýurtlary, şol sanda Afrika döwletleri hem gyzyklanyp ugrady. Çünki zümerret agajy önümçilik üçin çalt ýetişýän peýdaly çig maldyr. Ondan ýasalan gapylardyr penjireler ýeňil we amatly bolup, ýasalan mebel önümleri ekologiýa taýdan arassa hem-de howpsuzdyr.