"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Durmuşda 30-lyklaryň gymmatly manysy we gyzykly mazmuny

Arifmetiki hasaplamalar boýunça hasaplanýan sanlaryň ählisi hem biziň gündelik durmuşymyz bilen gönüden-göni bagly. Şonuň üçin hem biz ynsan ýaşaýşyny sanlarsyz göz öňüne getirip bilmeýäris. Pederlerimiziň ylym-bilim ýolunda-da, durmuş tejribesinde-de bize — nesillere miras goýan sanlary durmuşda ähli zadyň hasaply bolmagyny, netijede her bir zada adalatly çemeleşmelidigini ündeýär.

Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli halkymyza sowgat eden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp eserinden dürdäne setirler

Diňe Garaşsyzlyk bilen biz geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz belent ruhludyrys, beýik medeniýetlidiris. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz belent at-abraýlydyrys, şanly-şöhratlydyrys. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz özbaşdak hem nurana topraklydyrys, päkize asmanlydyrys. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz öz nebit-gazymyza, pagtamyza, pilämize, bugdaýymyza, ýene müňdebir görnüşli baýlyklarymyza eýe bolandyrys. Öz ýerimize näme ekmelidigimizi, näme dikmelidigimizi, öz ýurdumyzy nähili ösdürmelidigimizi, öz halkymyz üçin nähili eşretleri döretmelidigimizi özümiz gowy bilýäris. Ýurdumyzda dünýäniň iň gowy gazananlaryny, iň öňdebaryjy ýaşaýyş-durmuş mümkinçiliklerini, iň kämil enjamlaryny we serişdelerini nähili ornaşdyrmalydygymyzy özümiz kesgitleýäris. Durmuşymyzy öz islegimize görä gurnaýarys, öz beýik başlangyçlarymyz bilen dünýä çykýarys, adamzat ösüşlerine itergi berýän ägirt uly mümkinçiliklerimizi herekete getirýäris... Hawa, bularyň ählisini bize mukaddes Garaşsyzlygymyz berendir!

Döwlet Garaşsyzlygymyz — milli buýsanjymyz

Türkmen halkynyň biragyzdan ses bermegi netijesinde 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmenistanyň jar eden Garaşsyzlygy öz gözbaşyny parasatly ata-babalarymyzyň, akyldar danalarymyzyň milli döwletlilik, özygtyýarlylyk taglymatlaryndan alyp gaýtdy. Gadymy türkmeniň erk-isleginiň beýany jemlenen «Türkmenistanyň Döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi bilen, berkarar döwletiň syýasy-hukuk esaslary berkden tutuldy. Halkyň asylly ýörelgelerine esaslanan, ýurduň Konstitusiýasy bilen yglan edilen demokratik, hukuk we dünýewi Türkmenistan milli özboluşlylygy bilen häzirkizaman ösüşiň gazananlaryny utgaşdyrmagyň ýoluny seçip aldy. Ol ak ýollar bize milli däp-dessurlarymyzy täzeçe dikeltmäge, berjaý etmäge we rowaçlandyrmaga, tebigy baýlyklarymyza ygtyýarlyk etmäge esasy şertleri döretdi. Ata Watanymyzyň doly ygtyýarly, deňli-derejeli döwlet hökmünde dünýä dolmagyny, deňhukuklylyk esasynda halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etdi. Parasatly pederlerimiziň mähri we ruhy siňen keramatly türkmen topragynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna mynasyp bolmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin», «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýip, türkmeniň köňül küýse

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 27-ne bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +26... +28° maýyl bolar. Howanyň   basyşy 729 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Garaşsyzlyk — erkinligiň bahary

1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy. Şu ýyl, ýagny, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öz mähriban, asuda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bu — biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň gazananlaryny birugra sanap geçmek mümkin däl. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşymyzy gurşap aldy. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi mähriban we Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerden pürepürdir. Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Hawa, Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel Diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylygy — mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýakymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny çaýan Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar.

Geljegi uly hem ygtybarly hyzmatdaşlyk

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, belent mertebeli türkmen myhmanyna gül gowşuryldy.

Dünýäde şeýle bir şäher bar...

Şahyryň aýdyşy ýaly «Dünýäde şeýle bir ýurt bar...» diýilse, biz dünýäde şeýle bir şäher hem bar diýesimiz gelýär. Özem buýsanç bilen aýdasymyz gelýär. Aýtmaga-da doly haklydyrys. Çünki milli Liderimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabady «Görsem, jennete düşdümmikäm» diýdirýän gözellige ýetirdi. Has dogrusy, ak mermer bilen örtülen, öň hiç ýerde görmedik täze kaşaň jaýlaryňdyr desgalaryň ençemesi bina boldy. Olar halk ygtyýaryna gowuşdy. Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna uly sowgat boldy. Biz oňa hemmämiz şaýat. Ynha, geçen hepdede ýene sowgatly bolduk. Nusgalyk ýol

Hakdan halatly — uçsa ganatly bedew

Alym Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen bedewleri baradaky eserler ylmy nukdaýnazardan giňişleýin öwrenilýär. Şeýle edebi ýörelge hakda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, nusgawy edebiýatyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenmek has ýerliklidir. Akyldar şahyrymyz tutuş adamzady, tutuş jemgyýeti, dünýä yklymyny täsin galdyryjy giň hem-de köpugurly döredijiligi bilen uly meşhurlyga eýedir. Adamzat ykbalydyr ynsan ömri, onuň özboluşly durmuşy babatda söhbet edilende, nusgawy şahyrymyzyň dünýäni baglan bedewler hakyndaky şygyrlaryndan sowlup geçip bolmaýar. Magtymgulynyň bedew baradaky şygyrlaryna ser salanymyzda, «Atym bar — ganatym bar» diýilýän pähim seriňe dolýar. Şahyr bedew atyň täsin häsiýetlerini göni we göçme manyda çeperleşdirip, ynsan durmuşy, ýaşaýyş derejesi bilen baglanyşykly suratlandyrýar. Ol atlara anyk häsiýetlendirme berende pikir-garaýyşlaryny durmuş hakykaty esasynda aýdyňlaşdyrýar.

Aýdymym sen, ak pagtam!

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, pagta ýygymyna girişen daşoguzly pagtaçylaryň dilinde «ak altynyň» kerweni aýdym bolup ýaňlandy. Ýogsam näme, «ak pagta» sözi «ak bagtym» sözi bilen owazlanyp, öz-özi aýdyma gelip dur. Pagta ýurdumyzyň ykdysadyýetinde saldamly orny eýeläp, milli buýsanjymyza öwrülen ekinleriň biri. Ol bugdaý bilen bir hatarda egin deňläp, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň agramly bölegini eýeleýär.

Malym — janym

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ýurtda maldarçylygyň ösen ulgamy döredildi. Häzirki wagtda pudakda häzirki zaman ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Düýe çaly melhemdir, jana şypadyr

Ençeme asyrlardan bäri türkmen halky düýe çalynyň, agaranynyň dermanlyk hökmünde peýdalydygyna göz ýetiren halk. Jana şypaly düýe çaly we agarany türkmen saçagynyň bezegi. Düýe çaly diňe bir teşneligiňi gandyrman, eýsem, bedende suwdur duzuň, mikroelementleriň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün etmäge ýardam edýär. Özüne mahsus bolan ysy we tagamy bilen tapawutlanýan düýäniň süýdi hem çaly örän arassa önümdir. Düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleriň, çüýrediji bakteriýalaryň ösüşini togtadýan kömür we süýt turşularynyň saklanmagy düýe süýdüniň, çalynyň dermanlyk häsiýetini kesgitleýär. Düýe çaly garynasty hem-de içege mäzleriniň beden üçin zerur maddalaryny işläp çykarmaga itergi berýär.

Semzekli owkatlar

Döküni, idegi ýeten ene ýer maňlaý derleri, päk zähmeti boş goýmaýar. Eýýäm maý aýy ortalaberende kyrkgünlügiň ysy bark urup, behişdi nygmatlaryň arzysyny artdyrýar. Bala-çaganyň, garry-gojanyň dişine ýumşajyk sary zamçalar bir gezek degdigi ýene-de küýsedýär. Daýhan yhlasyndan kemala gelen pomidor, hyýar, badamjan ýaly bakja ekinleri, her biri ýumruk ýaly ýeralmalar gözüňi dokundyrýar. Ana, şeýle gök we bakja ekinleriniň kök urup, ýalpyldaşyp oturan joýalarynyň içinde, ýeralmaly setirleriň arasynda ýene-de bir iýmitlik gök ot siziň ünsüňizi özüne örklär. Oňa ilimizde semzek oty diýilýär. Ýapraklary üstüne şeker sepilen ýaly ýalpyldap duran, aralary kiçijek, saryja güller bilen örtülen semzek diýseň ter bolýar. Halkymyz gadym döwürlerden bäri semzegi iýmit hökmünde peýdalanyp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda semzegiň öt bilen baglanyşykly ähli sökelliklere dermandygy barada maglumat bar. Eli süýji türkmen zenanlary bu işdäaçyjy otdan dürli milli tagamlary taýýarlaýarlar. Iýmitlik semzek tohumlamanka ýygylýar. Semzegiň süýrüje ýapraklary baldagyndan ýolnup, arassaja gaba salynýar. Oňa il içinde «semzek saýlamak» diýilýär. Saýlanan semzegi ýuwup, suwuny sarkdyrýarlar. Oňa ösümlik ýagyny goşup, bir desse gök sogany owunjak dograýarlar. Gerekli möçberde duz atyp, mazaly garyşdyrýarlar. Me

Miwe sykyjy enjama isleg köpeldi

Şu ýyl Russiýada geçen ýyllardaka garanda, almadan bol hasyl alnaly bäri, awgust we sentýabr aýlarynda miwe sykyjy enjamlarynyň satylyşy üç esse artdy. Bu barada «Awito» internet sahypasynda beýan edildi. Bu maglumatyň, hakykatdan hem, şeýledigini hünärmenler tassykladylar. Häzirki döwürde dükanlaryň tekjelerinde dürli görnüşli miwe suwlarynyň agdyklyk edýändigine garamazdan, öý şertlerinde miwelerden taýýarlanan miwe suwunyň saglyga peýdalydygy hem-de ýokumlydygy göz öňünde tutulyp, miwe sykyjy enjamlara bolan isleg artýar.

Geliň, örtük dakynalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň   basyşy 732 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Pagta ýygymy we bugdaý ekişi guramaçylykly geçirilýär

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Harmanyňyza bereket, «ak altyn» ussatlary!

Ýoluň rowan, «ak altynyň» kerweni! 8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Jaý toýlary tutuldy

Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenýän günlerinde bagtyýar maşgalalaryň onlarçasy täze jaýlardan, ähli amatlyklary özünde jemleýän öýlerden paýly boldular. Baş baýramyň ýakynlaşyp gelýän günlerinde her bir maşgalanyň şatlygyny goşalandyran bu dabaralar mähriban Arkadagly döwrümizde «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Ynha, geçen hepdäniň çarşenbe güni gadymy Ahal topragynyň merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna täze 4 gatly 24 we 32 öýli ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. Bu ýaşaýyş jaýlary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň buýurmasy esasynda guruldy.

Täze tehnikalar bilen täze üstünliklere

Türkmen topragyna güýz pasly ýetip geldi. Bu pasyl daýhan üçin iň gyzgalaňly, joşgunly pasyl bolsa gerek. Çünki berekediň pasly hasaplanýan güýzde daýhan eken gallasynyň, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň boldumly hasylyny ýygnaýar, ýerlerini güýzki bugdaý ekişine taýýarlaýar, atyzlarda kemala getiren «ak altynyň» bol hasylyny döredýär. Hawa, daýhan üçin rysgal-berekediň toýunyň ýakymy ähli köňüllere şatlyk eçilýär, barçany joşdurýar. Bu gün çuwal-çuwal ak bugdaýly, desterhany ak nanly türkmeniň ruhy belent. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, gallaçylar ähli zerur tehnikadyr dökün bilen üpjün edilýär, olaryň ýetişdiren galla hasylynyň döwlet tarapyndan ýokary bahadan satyn almagyna giň ýol açylýar. Şeýle mümkinçilikler topraga örküni baglan daýhanlarymyzyň buýsanjyny artdyrýar.