Miwe sykyjy enjama isleg köpeldi

19 Sentýabr 2021
825

Şu ýyl Russiýada geçen ýyllardaka garanda, almadan bol hasyl alnaly bäri, awgust we sentýabr aýlarynda miwe sykyjy enjamlarynyň satylyşy üç esse artdy. Bu barada «Awito» internet sahypasynda beýan edildi. Bu maglumatyň, hakykatdan hem, şeýledigini hünärmenler tassykladylar.

Häzirki döwürde dükanlaryň tekjelerinde dürli görnüşli miwe suwlarynyň agdyklyk edýändigine garamazdan, öý şertlerinde miwelerden taýýarlanan miwe suwunyň saglyga peýdalydygy hem-de ýokumlydygy göz öňünde tutulyp, miwe sykyjy enjamlara bolan isleg artýar.

Maksatmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.