Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli halkymyza sowgat eden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp eserinden dürdäne setirler

26 Sentýabr 2021
778

Diňe Garaşsyzlyk bilen biz geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz belent ruhludyrys, beýik medeniýetlidiris. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz belent at-abraýlydyrys, şanly-şöhratlydyrys. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz özbaşdak hem nurana topraklydyrys, päkize asmanlydyrys. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz öz nebit-gazymyza, pagtamyza, pilämize, bugdaýymyza, ýene müňdebir görnüşli baýlyklarymyza eýe bolandyrys. Öz ýerimize näme ekmelidigimizi, näme dikmelidigimizi, öz ýurdumyzy nähili ösdürmelidigimizi, öz halkymyz üçin nähili eşretleri döretmelidigimizi özümiz gowy bilýäris. Ýurdumyzda dünýäniň iň gowy gazananlaryny, iň öňdebaryjy ýaşaýyş-durmuş mümkinçiliklerini, iň kämil enjamlaryny we serişdelerini nähili ornaşdyrmalydygymyzy özümiz kesgitleýäris. Durmuşymyzy öz islegimize görä gurnaýarys, öz beýik başlangyçlarymyz bilen dünýä çykýarys, adamzat ösüşlerine itergi berýän ägirt uly mümkinçiliklerimizi herekete getirýäris...

Hawa, bularyň ählisini bize mukaddes Garaşsyzlygymyz berendir!