Dünýäde şeýle bir şäher bar...

19 Sentýabr 2021
943

Şahyryň aýdyşy ýaly «Dünýäde şeýle bir ýurt bar...» diýilse, biz dünýäde şeýle bir şäher hem bar diýesimiz gelýär. Özem buýsanç bilen aýdasymyz gelýär. Aýtmaga-da doly haklydyrys. Çünki milli Liderimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabady «Görsem, jennete düşdümmikäm» diýdirýän gözellige ýetirdi. Has dogrusy, ak mermer bilen örtülen, öň hiç ýerde görmedik täze kaşaň jaýlaryňdyr desgalaryň ençemesi bina boldy. Olar halk ygtyýaryna gowuşdy. Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna uly sowgat boldy. Biz oňa hemmämiz şaýat. Ynha, geçen hepdede ýene sowgatly bolduk.

Nusgalyk ýol

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».