"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Atçylygyň innowasion tehnologiýalary

Häzirki döwürde Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumynyň binýadynda hereket edýän Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde innowasion tehnologiýalar çuňňur öwrenilip, ylmy-derňew işlerini amala aşyrmakda giňden ulanylýar. Bu toplumda ýaş ahalteke atlaryny dürli tizlikde ýöredip seýislemek üçin Germaniýanyň «Kraft» kompaniýasynyň enjamlarynyň kömegi bilen seýislenýän atlar günüň dowamynda iki gezek dürli tizlikde (ýöriş, gorgun we öňürdik) hereket etdirilýär.

Adygan kärhanada

«Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmengala etrabyndaky un we unaş önümlerini öndürýän kärhanasy sebitde adygan kärhanalaryň biri. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän tutumly baýramçylyklary mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýan önüm öndürijiler şu günler bir gije-gündiziň dowamynda 150 tonna barabar dänäni gaýtadan işläp, şondan 105 – 107 tonna töweregi un taýýarlamagyň hötdesinden gelýärler. Häzir bu ýerde unuň üç, unaş önümleriniň hem bäş görnüşi öndürilip, ilata ýetirilýär.

Datly miweler ak bazarlarymyzy bezeýär

Ilatymyzy sahabatly topragymyzda öndürilýän gök-bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Etrabyň daýhan hojalyklarynda ýetişdirilen miweler ak bazarlarymyzy bezeýär, saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýar. Bu ugurda etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň nusgalyk işleri alyp barýandyklaryny bellemek ýakymly. Hojalygyň bagbanlary alma, erik, ülje, armyt, şetdaly ýaly dürli görnüşli miweli agaçlaryň 104,3 gektaryny ösdürip ýetişdirýärler. Bagbanlardan Raşit Kurbanbaýew, Rahym Abdullaýew, Batyr Abdullaýew, Sabur Haýtekow, Jabbarbergen Sabyrow, Bazarbaý Kamalow dagy uzakmöhletleýin kärende ýerlerinde beýleki miweli baglar bilen bir hatarda alma agajyny has köp ösdürip ýetişdirýärler. Şu günler alma hem-de beýleki miweli agaçlardan kemala getirilen hasyl bazarlarda, söwda nokatlarynda ýerlenilýär.

Otag gülleriniň ähmiýeti

Häzirki döwürde otag ösümlikleriniň köp sanly görnüşleri bar. Otag ösümlikleriniň käbir görnüşleriniň öý howasyny arassalamak mümkinçiliginiň ýokarydygy ylmy barlaglarda we geçirilen köp sanly tejribelerde bilermenler tarapyndan anyklanyldy. Olaryň hatarynda hlorofitum, diffenbahiýa, hoýýa, fikus, kalanhoe, filodendron, asparagusy we başga-da köp sanly otag ösümliklerini aýtmak bolýar. Bu otag ösümlikleriniň arasynda wagt synagyndan geçen hlorofitum otag ösümligi has peýdaly hasaplanýar. Ol otagyň içindäki kömürturşy gazyny we mebellerden bölünip çykýan formaldegid maddasyny özüne siňdirýär. Hlorofitum howany çyglandyrýar we zyýanly mikroorganizmleriň ýaşaýjylyk ukybyny peseldýän fitonsid maddasyny bölüp çykarýar. Hlorofitum bir gije-gündiziň dowamynda 2 inedördül metr meýdandaky howany zyýanly mikroorganizmden arassalamaga ukyplydyr. Mundan başga-da, fikus otag ösümligi otagy egin-eşiklerimiz tämizlenende-de ulanylýan himiki serişdeleriň galyndylaryndan arassalamaga ukyply. Otagdaky agyr metallaryň galyndylaryny bolsa asparagus ösümligi özüne siňdirýär. Zyýanly mikroorganizmler bolan stafilokoklar we streptokoklara garşy geran, gibiskus, kalonhoe ösümliklerini otagda ösdürip ýetişdirmek has-da peýdaly.

Mukaddes suwa tagzym

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biziň sebitimizde öz halkymyzy we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ýokary hilli suw bilen doly we yzygiderli üpjün etmek üçin, diňe şu güne däl, eýsem, geljek döwürlere hem ýeterlik suw serişdelerimiz bardyr. Şunda esasy meselede — suw üpjünçiliginiň we suwy göwnejaý dolandyrmagyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde biziň bilelikdäki hereketlerimize köp zat baglydyr.

Meňzeşlik (Hekaýa)

Bir gün uzak ýola gitmek üçin şäherara awtobusyna mündüm. Gapdalyma özüm bilen deň-duş oglanyň düşenine begendim. Uzak ýola gideniňde ýanyňda oturan adam ümüň alyşar ýaly bolsa gowy bolýar-da. Meniň ýoldaşymam gürrüňçil ýigit bolup çykdy. Ýerine geçip oturandan elini uzadyp: — Salam, gel, tanyş bolaly. Men Oraz — diýdi.

Tebigatym gaznam, gory egsilmez hazynam

Türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi täsinligi, baýlygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Muny gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklarynda hem görmek bolýar. Garaganat

Saglyk — iň uly baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Injir şekilli şetdaly

Injir şekilli şetdaly bägül güllüler maşgalasyna degişli miweli bagdyr. Onuň watany Hytaý bolsa-da, häzirki wagtda Orta Aziýada köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Adyna seretmezden, injir şekilli şetdaly injir bilen şetdalynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde alnan sort däldir. Bu şetdalynyň şekili injire meňzeş bolandygy üçin şeýle ada mynasyp. Injir şekilli şetdaly tagamynyň adaty şetdalylaryňkydan has şireliligi, ysynyň ýitiligi bilen tapawutlanýar. Adaty şetdalydan tapawutlylykda injir şekilli şetdaly sowuk howa şertlerine çydamly bolýar. Bu ösümligi nahal arkaly we şänikden köpeldip bolýar. Nahal ekiljek meýdan güýz aýlarynda sürülýär. Bahar aýynda 1 metr giňlikdäki we 80 santimetr çuňlukdaky çukurlara nahal oturdylýar. Nahaly ekmezden öň bir gije-gündiziň dowamynda onuň köklerini ösdüriji madda-da ýatyrmak maslahat berilýär.

Ülje hakynda

Ülje halk arasynda diňe bir özüniň tagamy bilen däl-de, eýsem, ýokumly maddalaryň agdyklyk etmeginde meşhurlyga eýedir. Ülje bägül güllüler maşgalasyna degişli miweli agaç hasaplanylýar. Üljäniň miwesi şireli bolup, özünde togalak görnüşli şänigi saklaýar, onuň tagamy turşumtyl süýji häsiýete eýedir. Miweleri ýakymly ysly bolup, ol dürli ululykda bolýar. Üljeleriň sortlaryna laýyklykda, olaryň reňki açyk gyzyl reňkden goýy gyzyl reňke çenli bolýar. Ülje ynsan saglygy üçin peýdaly maddalaryň hazynasy hasaplanylýar. Bu ösümligiň miwesiniň düzüminde С, B1, B2, P, PP karotin, foliý kislotasy, pektin maddalary, mineral duzlary saklanýar. Onuň miwesiniň gabygynda tanin, ýapraklarynda bolsa, witamin С, kumarin, amigdolin, limon kislotasy bardyr. Üljeden taýýarlanan şerbet, miwe şiresi hem onuň ter miwesi ýaly ýokumly maddalary özünde jemleýär. Bu önümleri peýdalanmak bilen dürli kesellerden saplanmak bolýar.

Baglary goramagyň halky usullary

Gyşyň ahyrynda bolýan maýyl howaly günler miweli baglaryň wagtyndan öň oýanyp, ir güllemegine getirýär. Onuň yz ýanyndan ýazyň başynda bolýan, «düwlen doňak» diýlip atlandyrylýan, bäş-alty güne çekýän aýazly günlerde bolsa, şol güllän baglaryň gülüni, miwe düwünçegini sowuk urup, hasyla uly zyýan ýetirýär. Tejribeli bagbanlar baglary sowukdan goramagyň dürli usullaryny ulanýarlar. Baglaryň wagtyndan ir oýanmagynyň öňüni almagyň iň ýönekeý usuly olary gyşyň çillesinde suwarmakdyr. Topraga siňip doňan buz uzak wagtlap baglaryň köküni salkyn saklaýar. Şeýle hem topraga siňip doňan buz dürli zyýankeşleriň hem azalmagyna getirýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 23-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Merdanalyk mekdebi

12-nji awgustda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky № 1001 harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol Içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Içeri işler edaralarynyň weteranlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, görnükli ýazyjylar hem-de ugurdaş düzümleriň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Aşgabat: durnukly ösüşiň we ekologiýalaşmagyň nusgasy

Ak mermerli paýtagtymyzyň işjeň durmuşynda Diýarymyzyň ykdysady we syýasy wakalary, jemgyýetimiziň medeni-ruhy durmuşynyň derejesi, döredijilik we intellektual mümkinçilikleri, durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Adamzat taryhynda ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt şäher – ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Bu merkezde döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edilýär, halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna aýdyň ýollar açylýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtyň ulag elýeterliliginiň, aragatnaşyk-infrastruktura, jemgyýetçilik-durmuş hyzmatlarynyň döwrebaplygynyň, myhman kabul etmek medeniýetiniň ýokary derejede bolmagy öz-özünden düşnüklidir.

Nurana geljegi nazarlaýan döwrebap suw desgasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde, welaýat merkezlerinde medeni, durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bolan önümçilik maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döredip, ekerançylykda giňden ulanmak bilen dänäniň, pagtanyň, gök-bakja we miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, Balkan welaýatynyň tutanýerli zähmet çekýän daýhanlary bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek ugrunda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Her damjasy altyn suw

Ýaşaýyşyň gözbaşy, diriligiň çeşmesi,Tolkunlary zerbapdan, her damjasy altyn suw.Ähli janly-jandarlaň ömürboýy teşnesi,Tolkunlary zerbapdan, her damjasy altyn suw. Ata-baba geçmişim — gadym dünýäň düýni sen,Alynjak bol hasylyň tutumy sen, düýbi sen,Şükür ýurdum parahat, illerim aman-esen,Tolkunlary zerbapdan, her damjasy altyn suw.

Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat

Biziň halkymyzda tebigat bilen ysnyşykly, sazlaşykly ýaşamak gadymdan gelýän ýol-ýörelgeler hasaplanylýar. Şonuň üçin hem daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolmagynda galýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji awgustynda ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahat Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy. Hazar deňziniň gününi Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellemek asylly däbe öwrüldi.

Yhlasly zähmetiň miwesi

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çörek kärhanasynyň zähmet topary özüniň öndürýän ýokary hilli önümleriniň hasabyna ilatyň azyk harytlaryna bolan ösen isleginiň kanagatlandyrylmagyna saldamly goşantlaryny goşýar. Kärhanada taýýarlanylýan galyp, tamdyr galbaň, barmak çöregi, Ahal çöregi, Ruhubelent çöregi, «Şanly» çöregi, «Bereketli» batony, «Höwesli», «Toý külçe», «Altyn däne», «Guşak» süýjüli çörek ýaly birnäçe çörek we çörek önümleriniň alyjylar tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýandygyny aýtmak has-da ýakymly. Şol önümler kärhananyň hünärine ezber, işine höwesli zenanlarynyň yhlasly aladalarynyň ajaýyp miwesidir. Bu ýerde ýokary hilli çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirilýär. Şeýlelikde, geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde önümçiligiň ösüş depgini 142,7 göterime barabar boldy. Kärhananyň göreldeli zähmet çekýän işçi-hünärmenleriniň arasynda Jeren Atajanowa, Gülnara Kurýazowa, Jemal Ahmedowa, Aýna Nuryýewa dagyny görkezmek bolar. Kärhananyň zähmetsöýer işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.

Gök-bakja önümleriniň bol hasyly

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek baradaky öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň janypkeş ekerançylary şu ýylda ýeralmanyň, käşiriň, kelemiň, hyýaryň, pomidoryň, gawundyr garpyzyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Has takygy, etrap boýunça häzirki wagta çenli ýeralmanyň 1962 tonnasy, käşiriň 1982 tonnasy, kelemiň 1 müň tonnasy, pomidoryň 3 müň tonnadan gowragy we bakja önümleriniň 10 müň tonnadan gowragy taýýarlanyp, elýeter bahadan halka ýetirildi. Bu görkezijiler bolsa bellenilen şertnamalaýyn borçnamadan has artykdyr. Gazanylýan üstünliklere etrabyň «Türkmenistan», Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriň kärendeçileri saldamly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda ekerançylar meýdanlardaky gök-bakja önümlerini ýygnamagy dowam etdirýärler.

Gyş üçin ot gory

Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklary döwlet eýeçiligindäki mallar üçin gyş döwrüne niýetlenip, ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak işini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu derwaýys işe ýeterlik adam güýji we tehnika çekildi. Ýöriteleşdirilen ot-iým taýýarlaýjylar toparlary döredildi. Olaryň arasynda özara bäsleşik yglan edilip, ol gün-günden gyzyşýar we işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Gyş üçin ätiýaçlyk ot-iým goruny döretmek meselesine has jogapkärli çemeleşýän Serhetabat etrabynyň öňdebaryjy «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň ot taýýarlaýjylary bolsa, bu işde aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Netijede, öňümizdäki gyş pasly üçin 2 müň 643 tonna ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamagy meýilleşdiren bu hojalykda häzire çenli 1453 tonnadan gowrak meýdan oty taýýarlanyp, dowarlaryň gyşladyljak öri meýdanlaryna eltilip goýuldy.