Gyş üçin ot gory

15 Awgust 2021
820

Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklary döwlet eýeçiligindäki mallar üçin gyş döwrüne niýetlenip, ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak işini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu derwaýys işe ýeterlik adam güýji we tehnika çekildi. Ýöriteleşdirilen ot-iým taýýarlaýjylar toparlary döredildi. Olaryň arasynda özara bäsleşik yglan edilip, ol gün-günden gyzyşýar we işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar.

Gyş üçin ätiýaçlyk ot-iým goruny döretmek meselesine has jogapkärli çemeleşýän Serhetabat etrabynyň öňdebaryjy «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň ot taýýarlaýjylary bolsa, bu işde aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Netijede, öňümizdäki gyş pasly üçin 2 müň 643 tonna ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamagy meýilleşdiren bu hojalykda häzire çenli 1453 tonnadan gowrak meýdan oty taýýarlanyp, dowarlaryň gyşladyljak öri meýdanlaryna eltilip goýuldy.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.