Ülje hakynda

22 Awgust 2021
1148

Ülje halk arasynda diňe bir özüniň tagamy bilen däl-de, eýsem, ýokumly maddalaryň agdyklyk etmeginde meşhurlyga eýedir. Ülje bägül güllüler maşgalasyna degişli miweli agaç hasaplanylýar. Üljäniň miwesi şireli bolup, özünde togalak görnüşli şänigi saklaýar, onuň tagamy turşumtyl süýji häsiýete eýedir. Miweleri ýakymly ysly bolup, ol dürli ululykda bolýar. Üljeleriň sortlaryna laýyklykda, olaryň reňki açyk gyzyl reňkden goýy gyzyl reňke çenli bolýar. Ülje ynsan saglygy üçin peýdaly maddalaryň hazynasy hasaplanylýar. Bu ösümligiň miwesiniň düzüminde С, B1, B2, P, PP karotin, foliý kislotasy, pektin maddalary, mineral duzlary saklanýar. Onuň miwesiniň gabygynda tanin, ýapraklarynda bolsa, witamin С, kumarin, amigdolin, limon kislotasy bardyr.

Üljeden taýýarlanan şerbet, miwe şiresi hem onuň ter miwesi ýaly ýokumly maddalary özünde jemleýär. Bu önümleri peýdalanmak bilen dürli kesellerden saplanmak bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Selbi MEREDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.