Nurana geljegi nazarlaýan döwrebap suw desgasy

15 Awgust 2021
495

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde, welaýat merkezlerinde medeni, durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bolan önümçilik maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döredip, ekerançylykda giňden ulanmak bilen dänäniň, pagtanyň, gök-bakja we miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, Balkan welaýatynyň tutanýerli zähmet çekýän daýhanlary bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek ugrunda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.