"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Ümmülmez tebigat wirtual muzeýe ýerleşdi Wirtual sergileri guramak arkaly dünýäde meşhurlyk gazanan «TeamLab» ýapon sanly sungat platformasy Tokiodaky Sanly sungat muzeýinde täze sergisini hödürledi. Baglyk meýdany ýatladýan sergi birnäçe bölümden ybarat. Onuň «Bagyň güýzän gülleri» bölümine gelip görenler wirtual täsinlikleriň müňlerçesi bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. «TeamLab»-yň ýolbaşçysy Toşiýuki Inokonyň aýtmagyna görä, «ýuwaş-ýuwaşdan hereket edýän güllere seretseňiz, tiz wagtdan güller size seredýän ýaly duýgyny başdan geçirersiňiz». «Moss bagy» bölüminde bolsa, myhmanlar «mikrokosmosyň nähili rezonanslaşýandygyny» duýup bilerler.

Däne harmanlaryny abat saklamak

Armazak daýhanlarymyz bugdaý hasylyny ýygnap, Watan harmanyna mynasyp goşant goşdular. Şular ýaly belent sepgitlere ýeten daýhanlarymyza Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň käbir kadalarynyň ünsden düşürilmezligini ýatladýar. Däne harmanlaryny jaýlardan we beýleki desgalardan azyndan 50 metr, gallaly meýdandan bolsa, azyndan 100 metr daşlykda ýerleşdirmeli. Harman üçin bellenen ýer dürli gyrymsy ösümliklerden arassalanyp, azyndan 4 metr inlilikde araçäk sürülmeli.

Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleri

Tomus pasly içege ýokançlarynyň ýüze çykyp biläýjek döwri hasaplanylýar. Bu keselden goranmagyň esasy şerti sanitar-gigiýeniki kadalary doly we dogry berjaý etmekdir. Ylaýta-da, bu düzgünler çagalara degişlidir. Içege ýokançlarynyň ýaýramagynyň 90 göterimine biziň özümiz sebäp bolup bilýäris. Öý şertlerinde iýmit önümlerini (naharlary, işdäaçarlary) sowadyjyda goýmaly, süýt önümlerini ýapyk gapda saklamaly. Çagalara berilýän miweler we gök önümler akar suwuň aşagynda doly derejede ýuwulmaly. Daşarda oýnap, öýe gelen çagalaryň ellerini çygly el süpürgiçler bilen süpürmeli ýa-da ýuwmaly. Çünki arassaçylyk düzgünlerini berjaý etdirmezden, iýilýän iýmit içege ýokançlarynyň ýaýramagyna sebäp bolup bilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 26-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Abadançylygyň möhüm şerti

16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzki bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şol sanda geljek ýylyň hasyly üçin zerur ýerleri we tohumlary taýýarlamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Türkmen türgenleri Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyplary, sport weteranlary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşarlar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

Bagtyýar şu günüň hem-de ýagty geljegiň aýnasy

Göwnümize ýylymyz ýaňy başlan ýaly, emma «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň eýýäm alty aýyny yzymyzda galdyrdyk. Geçen ýarym ýyllyga nazar aýlasaň, onda şu ýylyň alty aýynda ençeme desgalaryň açylandygyny nygtamak bolýar. Gör, näçe ýürekleri heýjana salan, göwünlere şatlyk paýlan, ömür manylylygyny artdyran pursatlar ýakymly ýatlamalara öwrüldi, taryhyň altyn sahypalaryna ýazyldy. Bu Arkadag Prezidentimiziň yhlasydyr!

Ýagşy arzuwlaryň baýramy

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna barylýan günlerde türkmeniň toýlary toýa ulaşýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän iri desgalar, düýbi tutulýan binalar halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülläp ösýän Watanymyza bolan buýsançlaryny artdyrýar. Şeýle buýsançly, toý-baýramly günlerde halkymyzyň gadymdan gelýän milli baýramy bolan Gurban baýramynyň ýetip gelmegi türkmen topragynda tutulýan toýlara özboluşly milli öwüşginleri çaýyp, kalplarymyzda ýakymly duýgulary oýarýar. Gurban baýramy ýakynlaşdygyça, oglan-uşaklar, gyz-gelinler, ene-atalar, umuman, her bir maşgala gadymdan gelýän bu baýrama taýýarlyk görmegiň aladasy bilen bolýarlar. Şunda Gurbanlyk ediljek malyň sagat-guratlygyna aýratyn üns berlip, goýun-geçi bir kişä, uly malyň eti ýedi kişä paý bolup, sadaka berilýär.

Çyrpym işleri geçirilýär

Şu ýyl 180 müň gektar gowaça meýdanynda kemsiz gögeriş almagy başaran Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary gowaçalaryň ujuny çyrpmak ýaly möhüm agrotehniki çärä hem öz wagtynda girişdiler. Häzir sebitiň ekin meýdanlarynda bu iş ýokary guramaçylyk ýagdaýynda dowam edip, öz gerimini günsaýyn giňeldýär. Bu möhüm agrotehniki çärä sebitde ilkinjileriň hatarynda başlan Baýramaly etrabynyň ekerançylary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 21 müň 400 gektar gowaça meýdanynda ösümlikleriň ujuny çyrpmak işine girişdiler. Şeýle bolansoň, bu derwaýys işde tehnikalaryň 6-syndan we köp sanly kärendeçileriň el güýjünden netijeli peýdalanylýar. Etrabyň her günde 250 gektardan gowrak gowaça meýdanynda ýokary hilli çürtüm işleri amala aşyrylýar. Şunda görkezijiniň barha ýokarlanýandygyny hem aýtmak gerek.

Bazarlarymyz ir-iýmiş we miwe önümlerinden doly

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Düzmergen ýaýlasynda, «Şamülk» meýdançasynyň demirgazyk tarapynda 2-nji bagçylyk hojalygynda miweli baglaryň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde bolsa, bu miweli baglardan bereketli hasyl ýygnalyp, içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde ýetişdirilýän miweli baglaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ilatymyzyň gök-bakja önümleri, miweler bilen ýylyň dowamynda ygtybarly üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak miweli bagçylyk hojalygynyň eýesi bolan işjanly telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Gök-bakja önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan bagçylyk hojalygynda 750 düýp garaly, 250 düýp ülje, 750 düýp alma, 250 düýp pisse, 750 düýp şetdaly, 500 düýp alça, 250 düýp hurma, 500 düýp armyt, 750 düýp erik agaç nahallary ekilen, jemi 5000-e golaý düýp miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär.

«Altyn guş» — islegli önüm

Saýat etrabynyň «Mülk» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Altyn guş» hususy guşçulyk toplumy diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň hem azyk bolçulygyna mynasyp goşandyny goşup gelýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aksoltan Hajyýewanyň ýolbaşçylygyndaky toplum häzirki wagtda doly önümçilik ýoluna düşdi. Toplumyň önümçilik işi barada telekeçi şeýle gürrüň berdi: — Guşçulyk toplumy öň döwlet eýeçiligindedi. Ony bassyr iki ýyl kärendesine aldyk. Hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligiň ösdürilmegine we telekeçilik işleri bilen meşgul bolýan şahslara amatly şertleriň döredilmegine üns bermegi netijesinde, 2018-nji ýylda biziň guşçulyk toplumymyz hususy eýeçilige berildi. Şondan soň, Balkan welaýatynda hem guşçulyk toplumyny döretdik. Bu önümçiliklerde doganym Serdarmuhammet Nurmyradow bilen bilelikde iş alyp barýarys.

Seýisçilik sungatynda taýlaryň idedilişi

Ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmäge 1920-nji ýyllarda başlanylýar. Munuň maksady ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamakdan ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň esasy üçüsi — ahalteke, arap we iňlis atlary köpeldilýär. Atçylykda esasy meseleleriň biri olaryň baş sanyny artdyrmak bolup, ol hem ýeterlik mukdarda köp we hil taýdan gowy taýlary almakdan, ösdürip ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin her bir höwre goýberilýän ene baýtaldan ýylda bir taý almaga çalyşmaly bolýar. Atlaryň köpeldilişi, esasan, üç basgançakdan höwre çekmäge we gulunlamaga ýaramly baýtallary höwre çekip, olary gulunlatmakdyr we taýlary ösdürip ýetişdirmekdir. Bu hünärmenleriň atlaryň we baýtallaryň köpelişiniň biologiýasyny gowy bilmegini, taýlary ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny berjaý etmegi talap edýär. Gulunlama möwsümine öňünden taýýarlyk görmek işleri, ilkinji nobatda, atçy hünärmenleriň paýyna düşýär.

Banan agajy çyglylygy söýýär

Banan çyglylygy we ýylylygy söýýän ösümlikdir. Banan agajy tropiki ýurtlarda ösýändigi sebäpli onuň boý almagy we ösmegi üçin belli bir temperatura, howanyň çyglylygy gerek bolýar. Ýyladyşhanada ýylyň dowamynda birmeňzeş ýylylyk, ýagny, gijesine +18+200 derejede, gündizine +25+280 derejede bolmaly. Sowuk howa we dowamly gurakçylyk bananyň ösüşini peseldýär. Gyşyna her aýda banan 1 sany täze ýapragy emele getirýär, tomusda bolsa, dört ýaprak emele gelýär. Pes temperaturada banan güllemeýär, hatda gül pyntyklary hem ösüp çykmaýar. Eger-de miweleri emele gelen bolsa, pes temperaturada miweleriniň ulalmagy birnäçe aýa çekýär ýa-da ösüp bilmeýändigini görkezýär. Bananyň ýapraklary saralyp we gurap başlasa, ol howanyň çyglylygynyň ýetmezçilik edýändigini görkezýär. Şonuň üçin bananyň ýapraklaryna suw pürkülip durulmaly. Suw pürkmek ýa-da çygly süpürgiç bilen süpürmek agşamara ýerine ýetirilýär. Tomus aýlary banan köp suw talap edýär, şonuň üçin bu döwürde suwy yzygiderli tutmaly. Banan tropiki ösümlik bolup, howanyň ýokary çyglylygy, ýagny, iň pesi 50-70 göterim bolmalydyr. Göni düşýän däl-de, ýaýraýan ýagtylygy halaýandygy üçin bu ösümlige gerek bolan ýagtylygyň dowamlylygy azyndan 12 sagat bolmaly. Bananyň gowy ösüp we boý almagy üçin ýyladyşhananyň içinde yzygiderli howa çalşygy gerek bolýar.

Ak arzuwlar bilen ýagýan ýagyşlar, Meniň gül sährama gözellik goşýar.

Obama Men uly dünýäni senden başladym,Göz ýetirdim garasyna-agyna.Geçýän günler şeýle owadan eken,Ýakynyňda ene-ataň barynda.

Ýandak

Ýandak kösükliler maşgalasyna degişli bolup, ol çöl ösümligi hasaplanýar. Onuň köki 20 metre çenli ýetip bilýär. Ol şekere baý bolup, onuň düzümindäki şeker yssy howada ýandagyň baldagynda şire görnüşinde bölünip çykýar. Şonuň üçin balaryçylykda ýandagyň baly iňňän tagamly nygmat hasaplanýar. Şeýle-de, ol şire bilen iýmitlenýän birnäçe mör-möjekleri iýmit bilen üpjün edýär. Ol çöl ösümligi hasaplansa-da, hakykatda çyglylygy, yzgary gowy görýär. Şonuň üçin ol şorlaşan ýerlerde hem gögerip bilýär. Ýandak köpýyllyk ösümlik bolup, ol maý aýynda gülläp, iýul aýynda kösük görnüşinde içi däneli miwe emele getirýär. Däneli ýandagy diňe bir düýeler däl, başga mallar üçin hem gyş azygy we ýokumly iýmit hökmünde peýdalanýarlar. Ýandagyň ekologiýa taýdan ähmiýeti hem ýokarydyr. Onuň baldagy we miweleri özünde azoty, howany saklamak bilen, onuň güýzde guran galyndysy toprakda çüýrüntgi emele getirýär we ony mikroelementler bilen baýlaşdyrýar. Onuň birnäçe ýyllap meýdanda galan çöküri şorlaşan ýerleri ýene-de hasyla ýaramly ýerlere öwürýär. Ýandagyň ýerüsti bölegini dermanlyk hökmünde halk lukmançylygynda giňden peýdalanypdyrlar. Ýandak özünde C witaminini, karotini, efir ýaglaryny saklaýar. Onuň gaýnadylan suwuny derlediji, sowuklama wagtynda üsgülewügi ýumşadyjy serişde hökmünde peýdalanýarlar. Ony aşgazan-içege ýolunyň işiniň bozulmasynda peýdalansaň oňat ýardam berýär. Halk içinde ýandag

Saryçyrmaşyk

Oba hojalyk ekinleri gögerip çykandan soň, olaryň zyýanberijileri hem ýeterlik bolýar. Şoňa görä-de, ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg we garaşyk işlerini geçirmek zerurdyr. Oba hojalyk ekinlerinde zyýankeş mör-möjeklere, kesellere we haşal otlara garşy göreş usullaryny ýygy-ýygydan geçirip durmaly. Olaryň içinde has zyýan berijisi saryçyrmaşyk haşal otudyr. Saryçyrmaşyk haşal oty ýorunja, sogan, sarymsak, ýeralma ýaly ekinlere esasy zeper ýetiriji haşal otlaryň biri hasaplanýar. Ösümlik dünýäsinde çyrmaşyklaryň 274 görnüşi bolup, olar dünýäniň ähli ýurtlaryna ýaýrandyr.

Geliň, örtük dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Zeýtuny gaýtadan işlän iň gadymy kärhana

Ysraýyl arheologlary ýaşy 6600 ýyl töweregi bolan dünýäniň iň gadymy «zeýtuny gaýtadan işlän kärhananyň» yzlaryny tapdylar. Maglumatlara görä, onuň galyndylary Ortaýer deňziniň düýbünde, Haýfa kenarýakasynda ýerleşýär. Bu maglumatlar şol wagt zeýtunyň köp ulanylandygyndan habar berýär. Tapyndylarda iki sany daşyň galyndylary we zeýtun galyndylary bilen doldurylan çukurlar bolup, tapylan zeýtun tohumlarynyň ýagdaýy önümiň senagat taýdan gaýtadan işlenendigini ýüze çykardy. Ýüze çykarylan daşlar dürli görnüşde bolup, onuň içinde çukur galyndylary ýerleşýär. Alnan täze maglumatlar Ortaýer deňziniň ýaşaýjylarynyň gadymy müňýyllyklarda zeýtuny köpçülikleýin peýdalanandyklaryny görkezdi. Kärhananyň araçägi kenarýaka gury ýerde başlanyp, suwuň içine, takmynan, 150 metre uzalyp gidýär. Bu bolsa işçileriň zeýtuny gaýtadan işlemek üçin deňiz suwundan peýdalanandyklaryna güwä geçýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 19-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar

9-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş — ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň geçen alty aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.