"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Tokaý zolaklarynyň meýdany artdyrylýar

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak we döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.

Siz bilen nurly geljege ak ýollar rowan,Arkadag!

Eziz Diýar — Türkmenistan parahatlyk mekanydyr,Topragy dost-doganlygyň ynam bilen bekänidir,Pederlerden miras ýerler ak bugdaýyň mekanydyr,Sap paýhasdan guran döwrüň eşretlidir, sapalydyr,Siz bilen nurly geljege ak ýollar rowan, Arkadag!Il-ýurt bähbitli tutumlaň ertire dowam, Arkadag! «Watan, halkym» diýen Merdi Hak gorarmyş penasynda,Bir başa bakan illeriň asal bardyr senasynda, Päklik hamyrmaýasy bar köpüň dileg-dogasynda, Toýly günlere çapar bar bagşylaryň owazynda,Bagty buşlap atýar daňlar, säherim, sabam, Arkadag!Gözellikde naýbaşydyr şäherim-obam, Arkadag!

Göterildi bu ykbaly türkmeniň

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär.

Uzak ýaşaň, Arkadagymyz!

Her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýuna zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Bu şanly senäni mynasyp sowgatlar bilen garşylamak üçin ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýan merdana halkymyz tutanýerli zähmet çekýär. Hawa, iýun aýynyň ahyry gallaçy daýhanlardyr mülkdarlar üçin yhlasly çekilen zähmetiň bol hasylynyň Watan harmanyna tabşyrylýan gyzgalaňly döwri. Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly ýagdaýda, uly toý-baýrama utgaşyp, bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda hepdeläp toý tutulýar. Ynha, şu gezek hem bu baýramçylygy giňden bellemek üçin Lebap welaýaty myhmanlara gujagyny giňden açdy. Hepdeligiň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda welaýatda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň bolmagy-da, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bagty çüwen daýhan men!

Ýagmyrgeldi ORATDYÝEW,Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi: — «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýip, ýygy-ýygydan gaýtalaýan hem bolsam, edil bular ýaly bagta ýüzüm düşer diýip ýatsam-tursam, ýadyma-oýuma gelenokdy. Ýöne keramatly topraga, kärende alan ýerime 37 ýyllap çeken yhlasym meni bagtyýar adamlaryň hataryna goşdy oturyberdi. Ýaňy-ýakynda, has anyk aýtsam, şu ýylyň 21-nji iýunynda sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatynyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň göni aragatnaşykda meniň bilen söhbetdeş bolmagy başyma humaý guşuny gondurdy. Ýurt Baştutanynyň döwlet işleriniň uçursyz kändigine garamazdan, wagt tapyp, biz — kärendeçileriň armasyny ýetirip, esli salym göni aragatnaşykda söhbetdeşlik etmegi, hal-ahwal soraşmagy, kalbyňy galkyndyrýan ýatda galyjy ýakymly sözleri bilen begendirmegi bagtyň çüwdügi dälmidir, eýsem?!

Sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylýan sanly we telematik ulgamlary, olaryň gurluşy, netijeli ulanylyşy içgin öwrenilýär. Institutymyzyň mugallymlary we degişli kompaniýalaryň wekilleri tarapyndan bu tehnikalaryň her bir kysymyna bagyşlanan ýörite okuw sapaklary geçirilýär. Ýöriteleşdirilen «John Deere» okuw otagynda «IPC Agri» bilelikdäki kompaniýasynyň tehniki hyzmat we okuwlar boýunça menejeri, tehniki ylymlaryň kandidaty Öwezgeldi Kakabaýew tarapyndan oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünärleriniň 4-nji ýyl talyplary üçin geçirilen okuw sapaklary örän täsirli boldy. Üç günläp geçirilen okuwyň dowamynda 6M seriýaly «John Deere» traktorlarynyň gurluşy we işleýşi, traktoryň transmissiýasynyň gurluşy, ýaglanyş, sowadyş ulgamlarynyň aýratynlyklary, sanly telematika ulgamynyň ähmiýeti we artykmaçlyklary öwrenildi.

Kenarynda toý toýlandy Jeýhunyň

Toý lybasynda myhmanlara gujagyn geren Lebap!Amul, Hojaidat galalary, Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar taryhy ýadygärlikleri bilen dünýä ýaň salan gadymy Lebap!Gojaman Jeýhuny, Köýtendagy bolan gözel tebigatly Lebap!Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirýän Lebap!Toý dabaralary dag aşyp, alyslara ýaň salyp, göwünlere ganat berip, Lebap topragynda geçen hepdede ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhubelentlikde bellenildi. Şol günlere utgaşan, ýalkym saçan, şan beren, toý gerimini giňelden wakalar bolsa, şu günümizi şöhratlandyryp, geljegiň bagtyýarlygyny aýan etdi. Şu döwletli wakalaryň gözli şaýady bolmak — uly bagta eýe bolmakdyr. Şonuň üçin «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň täsirine täsirlenen kalbyň heý joşman durup bilermi?!

Suw içmek — bedeniňi berkitmek

Suw ynsan bedeni üçin zerur bolan mineral duzlaryň we mikroelementleriň esasy çeşmesi bolup durýar. Köp sanly ylmy barlaglar bedeni ýaşaýyş üçin zerur maddalar bilen üpjün etmek üçin her günde ortaça 3 litre golaý suw içmegiň zerurdygyny görkezýär. Şunça mukdardaky suwy çaý ýa-da gaýnag suw görnüşinde däl-de, arassa agyz suwy görnüşinde içmeli. Käbir alymlar arassa bolandygy üçin distillirlenen suwlary içmegi peýdaly hasaplaýarlar. Hakykatda welin, distillirlenen (buga öwrülip arassalanan suw) suwlarda mikroelementler ýokdur. Olar yzygiderli ulanylanda, beden agzalarynyň we ulgamlarynyň, ilkinji nobatda, süňk ulgamynyň işjeňligi bozulýar. Süňküň berkligi kalsiý mikroelementine baglydyr. Distillirlenen suwda bolsa kalsiý bolmaýar. Tebigy suwuň düzümindäki beýleki maddalaryň wajyplygy hem kalsiniňkiden kem däldir. Olar bedende nerw öýjüklerine itergileriň geçirijiliginden başlap, täze öýjükleriň gurulmagyna çenli işjeňligiň ýerine ýetirilmegine gatnaşýarlar. Bedeniň çalt guramagynyň öňüni almak üçin arassa agyz suwuny yzygiderli içmeli. Miwe şireleri, çaý, mineral suwlar, çal içmek hem peýdaly. Fiziki türgenleşiklerden hem-de hammamdan soň dessine, onda-da ajöze suw içmek zyýanlydyr. Suwy ýygy-ýygydan we az-azdan — 2-3 owurtdan içmeli. Owurtlan suwuňy agzyňda biraz wagt saklap, soň ýuwutmaly. Ýuwaş-ýuwaşdan owurtlanylyp içilen arassa agyz suwy adamyň sagdyn we uzak ýaşamagyna ite

Astanababa mawzoleýi

Biziň şan-şöhratly taryhymyz bar. Munuň şeýledigini ençeme asyrlaryň syrlaryny özünde jemläp oturan köpsanly taryhy ýadygärliklerimiz hem tassyklaýar. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gürrüňi edilýän Astanababa mawzoleýidir. XII — XVII asyrlara degişli bolan bu gadymy binalar toplumyny ýerli ilat Astanababa mawzoleýi diýip atlandyrsa, käte bu dört gümmezli mawzoleýi iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Olaryň aýallarynyň hatyrasyna Gyzlarbibi mawzoleýi diýlip atlandyrylandygy hem ýatlanylýar.

Ýeralma däl, ýerarmyt

Ýerarmyt — watany demirgazyk Amerika bolan çylşyrymly güller maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. ony ýerli ýaşaýjylar has gadymdan bäri iýmit üçin ulanyp, adyna «tapinambo» diýýärler. Şonuň üçin ony dünýäniň köp ýurtlarynda tapinambur diýip atlandyrýarlar. Bu ösümlik XVI asyrda ilkinji gezek Fransiýa, Angliýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna aralaşyp, iýmit hökmünde köptaraplaýyn peýdalanylyp başlanylýar. Tapinambur özüniň ýakymlylygy, tagamlylygy, bereketliligi bilen örän tiz wagtda bütin Ýewropa ýaýrap, XVII asyrda Orta Aziýa sebitlerine gelip ýetýär. Ilki-ilkiler Russiýada ony derman üçin ulanypdyrlar. Soňabaka ol köp öndürilip, gök iýmit hökmünde peýdalanylyp başlanýar.

Janly köprüler

Şeýle täsinlikleriň birine Hindistanyň gündogarynda Meghalaýa ştatynyň Çerapunji şäheriniň tropiki tokaýlarynda duş gelmek bolýar. Bu täsinlik «Janly köpri» bolup, oňa tebigy ýadygärlik diýilse hem ýalňyş bolmaz. Janly köprüleri gurmak däbini hindileriň Khasi we Jantiýa taýpalary saklap gelipdirler. Bu taýpalar fikus agajynyň howa köklerini ösdürip, derýanyň beýleki kenaryna gönükdirmek üçin bambuk ösümliginiň şahalaryny ulanypdyrlar. Bambukdan başga-da, Betel palmasynyň oýulan şahalarynyň içinden agajyň ösýän köküni goýberipdirler. Fikus agajynyň kökleri tiz ösýär. Agajyň kökleri beýleki kenara çenli ösüp, gaýalara we kenarýaka topragyna çalt aralaşýarlar. Janly köprüni gurmak üçin azyndan 15 ýyl gerek bolýar. Fikus agajynyň ýaşy näçe uly bolsa, köpri şonça-da berk bolýar. Ýyllaryň geçmegi bilen köpri dargamaýar-da, tersine, has-da berkleşýär. Ýerli taýpalaryň aýtmagyna görä, häzirki döwre çenli saklanyp gelýän janly köprüleriň ýaşy 100 – 150 ýyla barabardyr. Has uzyn janly köpriniň boýy 50 metre golaý bolup, Hindistanyň Mawkirnot we Rangtillan obalarynyň arasynda ýerleşýär.

Mineral dökünleri ýangyn howpundan goramak

Ýurdumyzyň oba hojalygynda, önümçilik kärhanalarynda ulanylýan mineral dökünleridir himiýa serişdeleri öndürilende, daşalanda we saklanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berilse, ýangynyň ýüze çykmagyna getirip biljek howply ýagdaýlaryň döremegine getirýär. Şoňa görä-de, ýangyn howpunyň öňüni almak üçin ammar jaýlaryň çäkleri ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabyna laýyklykda ýangyna garşy enjamlary, ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmeli. Ýangyn söndüriji serişdeleri başga maksatlar üçin ulanmak talabalaýyk däldir.

«Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýýar

18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly, şu gün Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirmek barada karara gelnendigini belledi. Häzirki wagtda dünýäde koronawirus keseliniň täze-täze görnüşleri ýüze çykýar. Aýry-aýry ýurtlarda onuň eýýäm 14 müňden gowrak görnüşi hasaba alyndy.

Watan harmanlary beýgelýär

17-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi. Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew galla oragynyň alnyp barlyşy, ýetişdirilen hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Kärendeçi daýhan, gujurly zenan (oçerk)

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Akgözel Hojalyýewa bilen duşuşdyk. Şonda öňdebaryjy daýhan zenan Jeren Akjanowa hakynda ýazmagy ýüregimize düwendigimizi aýdanymyzda, ol: — Jeren Akjanowany öňdebaryjy kärendeçi hökmünde diňe bir Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde däl, eýsem, tutuş Ahal welaýatynda-da tanamaýan azdyr. Çünki zähmete berlen bu zenan diňe ýere yhlas edip, bol hasyl almak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Zenanlar guramasynyň bilelikde geçirýän wagyz-nesihat çärelerine hem işjeň gatnaşyp, ýaşuly zenan, ene hökmünde şu günki kemala gelýän ýaş nesilleriň öňünde öwüt-ündew bilen çykyş edýär.

Gahryman Arkadagymyz bilen didarlaşmak bagty miýesser etdi!

Döwran KURTBAÝEW,Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçysy: — Mehanizator bolup oba hojalyk tehnikalaryna erk edip, işläp gelýänime ýigrimi üç ýyl wagt boldy. Güneşli Diýarymyzda ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy biz — mehanizatorlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Her gün 500 gektar meýdanda agrotehniki işler geçirilýär

Şu günki günde 180 müň gektar meýdanda gowy gögeriş alyp, hatar tutup oturan ösümlikleri alada bilen gurşaýan Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary gowaçalaryň birinji we ikinji hatarara bejergilerini ekinleri ýekelemek, iýmitlendirmek, suwarmak ýaly möhüm agrotehniki işler bilen utgaşdyryp, olary ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Bu derwaýys işlerde Ýolöten etrabynyň pagtaçylarydyr mehanizatorlarynyň has işjeňlik görkezýändiklerini guwanç bilen bellemek bolar. Çünki bu ýerde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen satyn alnyp, önümçilikde ulanyşa goýberilen tehnikalaryň uly topary işine ezber mehanizatorlar tarapyndan dolandyrylýar. Netijede, etrap boýunça her günde 500 gektar meýdanda bejergi, 1100 gektar meýdana barabar ýerde bolsa, gowaçalary iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar. Bu babatda «Ýeňiş», «Azatlyk», «Dostluk» daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän mehanizatorlar has-da tapawutlanýarlar.

Ýüpekçilikden kämil hünärmenler taýýarlanylýar

Ýurdumyzda ýüpekçiligi mundan beýläk-de ösdürmekde, ondan ýokary görkezijileri gazanmakda hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, 2007-nji ýyldan bäri uniwersitetimizde okaýan ýüpekçi hünärmenleri taýýarlamak üçin ýörite ýüpekçilik tejribehanasy hereket edýär. Ýüpekçilik hünäriniň talyplary kafedranyň ýaş mugallymlary bilen bilelikde «Türkmenistanyň şertlerinde ýüpek gurçugyndan iki hasyl almagyň tehnologiýasyny işläp düzmek» diýen ylmy işiň çäginde ilkinji bolup, ýüpek gurçugynyň beden gurluşyny öwrenmekden başlap, tä piläniň ilkinji işlenip, fabriklere tabşyrylýança edilýän işleriň geçirilişi barada nazary okuwlary, amaly sapaklary geçýärler. Ylmy işiň çäginde talyplar her ýyl ýüpek gurçuklaryndan iki hasyl almagyň tärini öwrenýärler. Şeýle hem talyplara ýüpek gurçugyny idetmegiň düzgünleri hytaý tehnologiýasyna laýyklykda öwredilýär.

4306 tonna derek 4407 tonna aldylar

Şu günler ýurdumyzyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Tagtabazar etrabynyň daýhanlary hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna sowgatly barmagy öz öňlerinde maksat edinýärler. Golaýda etrabyň «Marçak» daýhan birleşiginiň gallaçylary döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny berjaý etdiler. Olar 1650 gektar meýdana bugdaý ekip, meýilnama boýunça 4306 tonna derek 4407 tonna guşgursak dänäni döwlete tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny 102,3 göterim ýerine ýetirdiler. Öňdebaryjy kärendeçilerden Amangül Garaýewa 0,5 gektardan 2750 kilogram, Orazsoltan Aşyrowa 1 gektardan 5280 kilogram, Şanazar Nurmämmedow 1 gektardan 5430 kilogram, Arazgül Garaýewa 0,5 gektardan 5480 kilogram, Gyzylgül Meredowa 1 gektardan 5390 kilogram, Akgözel Badanowa 2 gektardan 10950 kilogram, Töre Tekeliýewa 0,5 gektardan 2720 kilogram galla tabşyryp, bereketli hasyl almagyň hötdesinden geldiler.

Şalaryň düşlän kerwensaraýy

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň çäginde hem taryhy ýadygärlikleriň uly toplumy ýerleşýär. Olaryň arasynda XI — XII asyryň arhitektura ýadygärligi hökmünde tanalýan Daýahatyn kerwensaraýy ençeme ýyllardan bäri bütin dünýäniň jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär. Kerwensaraý ylmy çeşmelerde Daýahatyn, ilat arasynda bolsa Baýhatyn ady bilen bellidir. Daýahatyn sözi — «daýa» arap sözi bolup, türkmençe «Mülk», «Oba», «Bejerilen ýer», hatyn (puşty dilinde «gatyn») sözi bolsa «daş», «daşdan edilen» diýen manyny berýär. «Baýhatyn» diýen adyň döreýşi barada ýerli ilatyň arasynda ýaýylan rowaýatda aýdylyşyna görä, bir baý söwdagäriň owadan aýaly bolupdyr. Söwdagär argyşa gidýär. Dostlarynyň biri onuň aýaly barada myjabatly gürrüň ýaýradýar. Söwdagär aýaly baradaky myjabatly gürrüňleri eşidip, mal-mülkünden, maşgalasyndan, bar baýlygyndan geçip, pukara eşiginde sergezdan halda aýlanyp ýörýär. Onuň aýaly garaçomaklaryň ara tow düşürenine düşünýär. Ol ýanýoldaşyny tapmagy ýüregine düwýär. Baý aýal ähli ýurtlara çapar ýollap, özüniň kerwensaraý gurdurýandygyny we oňa işlemäge talabanlaryň gerekdigini jar çekdirýär. Talabanlyga onuň adamsy söwdagär hem gelýär. Töhmetli gürrüňleriň üsti açylýar, är-aýal gaýtadan durmuşa gadam basýar. Şondan soň, Merwden getirilen kerpiçlerden gurlan bu kerwensaraý hem baý aýalyň ady bilen baglanyşdyrylyp, Baýhatyn kerwensaraýy d