"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gyzgalaňly möwsüm

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Sylagyňyz gutly bolsun, gahryman Arkadagymyz!

Islendik jemgyýetde adamlaryň dünýägaraýşyna täsir etmekde, düşünjesini giňeltmekde, olaryň medeni dynç alyşlaryny guramakda, dünýäde bolýan wakalardan habarly bolmakda, raýatlaryň ýaşaýan döwletiniň içeri we daşary syýasatyna bolan garaýyşlaryny kemala getirmekde, şeýle hem jemgyýetiň asuda, agzybir we jebis bolmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine uly paý düşýär. Munuň özi köpçülikleýin aragatnaşyk we habar beriş serişdeleriniň adamlaryň durmuşynda, ýaşaýyş medeniýetinde, her bir ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ornunyň biçak uludygyny aňladýar. Adamzat jemgyýetiniň üç müňünji ýyllyga gadam basmagy bilen, biziň ýurdumyzda bu ulgam has-da uly ösüşleri gazandy. Has takygy, XXI asyrdan başlap, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemgyýete, ylaýta-da, onuň syýasy durmuşyna dahyllylygy diýseň güýçlendi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda kommunikasiýa aragatnaşygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de sanly ulgam arkaly islendik raýat özüne gerek bolan maglumatlary alyp bilýär. Bu bolsa ýurdumyzda maglumatlaryň islendik adam üçin elýeterliligini gazanmaga bolan mümkinçilikleriň döredilendiginiň hakyky beýanydyr.

Bütindünýä sport baýramy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji maslahatynda dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşlygynda 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni hakynda Kararnama (Rezolýusiýa) kabul edildi. Her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu taryhy waka döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyna, onuň parahatçylyk söýüji, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny subut edýär. Şol ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça geçirilen köpçülikleýin türgenleşik sapagyna 3 müň 246 sany welosiped söýüjileriň gatnaşmagy sportuň bu görnüşi boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin okuw türgenleşigi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Şeýle hem, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden sebitde deňi-taýy bolmadyk Aşgabat Olimpiýa şäherçesiniň töwereginden 2019 sany welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly — bir nyzamly» welosipedli ýörişi geçirildi hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu çäreleriň netijesi boýunça degişli şahadatnamalar türkmen

Ýaz ýürekli Gahryman şahyr

Zähmet — Rehnet — Bagt. Bu üç gudrat Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň dünýäsinde jemlenen. Gözel halypamyzyň şygyrlar bossanyna seýil edenler duýguly dünýäniň inçeligini, näzikligini, nepisligini duýýarlar. Oňa ýaşamak, ýazmak, döretmek wagt geçirmek däl-de, wagtyň içinden geçip, Watanyň, il-halkyň, Gahryman Arkadagymyzyň ýüreginde ýer etmek bagty nesip etdi. «Ýüregimiň ýagyna, ömrümiň ýazyna, bagtymyň bagyna deňän Diýarym! Senden öňe geçjek duýgy ýokdur. Özüň bilen doludyr dünýäm. Dagyňa — düzüňe, serginli sähraňa döneýin! Gyzgynyň ýüregimdedir, gujuryň küregimdedir. Ýyllaryňda ýüzendirin, düzleriňde gezendirin, sözi bagra ezendirin, ygraryňa gelendirin. Dünýe içre barlygyň, bakylygyň bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen, döwletli-döwrana ýetiren söwer Ogluň — merdana Prezidentiň bilen, bir başa bakan bagtyýar, agzybir il!». Bu sözler Gözel halypanyň sözleri. ýakynda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramynda Gahryman zenan şahyrymyzyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglanmagy türkmen edebiýatyna, şygryýetine berlen sylagdyr.

Buýsançly başym göge ýetdi

Çarymyrat TÄÇMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň «Türkmenýertaslama» döwlet taslama institutynyň baş inženeri:

Işleri ileri daýhan hojalygy

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň işgärleri oba hojalyk önümlerini öndürmekde we bellenilen şertnamalaýyn meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etmekde ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeler gazanyp gelýärler. Daýhan hojalygyna tejribeli oba hojalyk işgäri Azatgeldi Baýjanow ýolbaşçylyk edýär. Häzirki wagtda 20-ä golaý işgäri bolan bu daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň 2000-den gowrak gektaryna oba hojalyk ekinleri ekilip, daýhanlar tarapyndan bol hasyl ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalygyň ekin meýdanynyň 2000 gektarynda ekilen ak bugdaýyň şu ýyl bol hasyly kemala getirildi. Şeýle hem ekin meýdanynyň 17 gektaryna ýeralma, 25 gektaryna sogan, 200 gektaryna ýorunja we 10 gektaryna pomidor, 600 gektaryna pagta, 10 gektaryna gawun-garpyz ekilen ýerlerden bol hasyla garaşylýar.

Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady

Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ugrunda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda kabul eden Karary bilen tassyklanan, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça ählumumy strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Eziz Diýarymyzda ekologiýa meseleleri boýunça öz esasy çemeleşmelerinde Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmagy häzirki döwürde ileri tutulýan ugra öwrülýär.

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

Il arasynda «Gallam bar – tyllam bar» diýen aýtgy bar. Munuň şeýledigine bugdaýly meýdana baryp, adaja öwüsýän şemala ygşyldaşýan bugdaý hoşalaryny synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Daýhanyň tutuş ýylyň dowamynda yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasyly göýä diýersiň, nurly Günüň çoguna öwüşgin atyp oturan tyllany ýadyňa salýar. Şonuň üçinem oňa tyllaýy bugdaý diýilýär. Milli mukaddesligimiz bolan ak bugdaýy başynyň täjine deňeýän halkymyz geçen hepdäniň anna gününde, ýagny, 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişdi. Biz hem şol gün galla oragyna badalga berliş çärelerine gatnaşanlaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Geliň, saglygymyzy goralyň!

Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda Güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän gök ekinlerden doly bolýar. Tomus paslynda ol önümleriň bolçulygy has-da artýar. Şonuň üçin bazarlara barylanda harytlaryň bolelin bolmagy dürli görnüşdäki tagamlary taýýarlamaga höwes döredýär. Esasan hem tomus pasly öý bikeleriniň bakja önümlerinden dürli gaplamalary taýýarlaýan döwrüdir. Şol sebäpli-de, gök önümler gaplanylýan wagtynda onuň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek hökmanydyr. Eger-de arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, saglyk üçin howply ýagdaý bolan iýmit zäherlenmesi döräp bilýär. Iýmit zäherlenmesi zaýalanan, ýaramaz hilli önümleriň, kesel dörediji mikroblaryň üsti bilen döreýär. Tagamlar taýýarlanylanda, ýeterlik derejede gyzgynlyk ulanylmasa, taýýar iýmit önümleri nädogry şertlerde saklanylsa, möhletinden köp wagt duran bolsa iýmit zäherlenmesini döredip bilýär. Olaryň iň howplulary stafilokokk we botulizm kesel döredijilerinde duş gelýär.

Her çitimi bir kyssa

Dokmaçylygyň iň esasy görnüşleriniň biri bolan halyçylyk senedini türkmen halky has irki döwürlerden bäri dowam etdirip gelipdir. Ir döwürlerde türkmen maşgalalarynyň, öýleriniň her birinde diýen ýaly haly dokalýan eken. Türkmen zenanlary özleriniň irginsiz zähmeti, çylşyrymly bolmadyk, sadaja gurallary bilen dokma önümleri bolan halylaryň, palaslaryň, ketenileriň, el torbalarynyň dürli görnüşlerini dokapdyrlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçylyk sungatyna berilýän üns-alada has-da artdy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, şäherlerimizde, obalarymyzda «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň kärhanalary öndürijilikli işleýär. Şeýle hem halyçylyk senedini öýünde, maşgalasynda ýöredýän gelin-gyzlarymyzyň sanardan kändigini aýtmak gerek. Dokmaçylyk senedi, halyçylyk sungaty halkymyzyň şöhratly taryhy bilen bagly bolup, hala salynýan nagyşlaryň her biriniň çuň many-mazmuny bar. Olar görnüşi boýunça birnäçe toparlara bölünýär. Olardan tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gözelligini öz içine alýan «Keýik», «Kejebeli kerwen», «Düýe», «Düýedaban göli», «Ýylan», «Balyk teňňe», «Towşan yzy», «Öküz», «Gurbagaly gölçesi», «Goçbuýnuz» ýaly nagyşlary mysal getirmek bolar. Haly nagyşlarynyň içinde ösümlikler bilen baglanyşykly nagyşlaryň hem ençemesi bar. Olardan «Gürmek», «Perre gül», «Badam gül», «Badam», «Bugdaý bogun», «Güjümli» ýaly nagyşlar h

Kök çüýremä garşy göreş çäreleri

Gowaçanyň gämik wagtynda ýüze çykýan iň howply keseli kök çüýreme keselidir. Bu kesel toprakda duşýan ýarym saprofit kömeleklerden başga-da, kämilleşmedik kömelekler (Phizoctonia solani, Thielaviopsis basicola we Fuzarium spp.) tarapyndan ýüze çykýar. Bu kesel gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlaryna ýokuşýar. Ol inçe süýümli gowaçanyň ýaňy gögerip çykan gämigine hem-de ýetişen görnüşine, orta süýümli gowaçalaryň bolsa, diňe gämigine zyýan ýetirýär. Bu keseliň häsiýetli aýratynlyklary gowaçanyň gämik hem-de gozalary ýetişen döwründe ýüze çykýanlygydyr. Keseli dörediji Thielaviopsis basicola diýilýän toprak kömelegidir. Bu kömelek organiki maddalaryň dargamagy netijesinde dörän önümleri iýip, toprakda birnäçe ýyllap saklanýar. Kömelek esasy we gapdal kökleri hem-de kök boýunjygy arkaly gowaçanyň inçe süýümli sortlaryna, olaryň ösüşiniň täze fazasyna aralaşýar. Bu kömelek medeni ösümlikleriň we haşal otlaryň 900-den gowragyna zyýan ýetirýär. Emma ýorunja, noýba, bugdaýa, arpa, mekgejöwene we jöwen ýaly ekinlere ýokuşmaýar. Ol agyr toýun toprakly we ýerasty suwlaryň ýakyn ýerleşýän ýerlerinde ekinlere has ýygy-ýygydan ýokuşýar. Bir ekin meýdanynyň çäklerinde kök çüýreme keseli ýeriň bitekiz bolup, suwuň has köp toplanýan ýerlerinde ösümlikleri has köp zaýalaýar. Gowaça meýdanlarynda bu kesel gämik gögerip çykandan soň, 5-6 sany hakyky ýaprajyklary peýda bolýança ýüze çykýa

Tyllaýy toprak

Il arasynda sylanýan tejribeli daýhan öz ykbalyny ene ýerden agtarmagy maksat edinip, maslahat soramaga ýanyna gelen ýaş ýigdekçä şeýle diýipdir. — Men saňa bar bilýänlerimi öwredeýin. Onsoň senem ýeriň-suwuň «diline» düşünýän çyn daýhan bolup ýetişersiň. Çyn daýhanam, näme, pilini posladyp, ýerden önjeýli hasyl alybilmän ýören ekinçi däldir. Ol hiç haçan hor-har bolmaz. Ömür-ahyr gadyram gaçmaz.

«Akylly» ekerançylyk boýunça hyzmatdaşlyk

Koreýa Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan Gazagystanda «akylly» ekerançylyk toplumyny gurmak babatynda synag taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanandygy habar berildi. Bary-ýogy 1 gektar ýerde gök ekinleriň birnäçe görnüşi ýetişdiriler. Onda tehnologiýa arkaly dökünlemek we suwarmak boýunça iň döwrebap mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Gazagystandaky koreý taslamasy şu ýylyň oktýabr aýynda işe giriziler.

Bananyň tagamyny bilmek

Hytaýyň «Sohu» neşiri gowy banany nähili saýlamalydygyny paýlaşdy. Munuň özi üns berilmeli ýagdaýdyr. Banan tagamly miwe, ýöne ol çalt zaýalanýar. Eýsem, hytaý neşiriniň hünärmenleri bu babatda nähili maslahatlary berýärler?! Bilermenleriň hem nygtaýşy ýaly, banan göni ýa egri bolýar. Köplenç, alyjylaryň köpüsi miwäniň has tagamlysyny bilmek üçin onuň haýsy görnüşini saýlamaly diýen sowal bilen ýüzlenýärler. Makalanyň awtorlary bananyň doly bişýänçä, göni bolýandygyny belleýärler. Bişip ýetişme hadysasynda miwe ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylyga tarap ösýär, şol sebäpli hem ol egrelýär, bu banan salkymynyň bagdaky tebigy ýagdaýy bilen baglydyr.

Biologik torba gök önümleri zaýalanmakdan gorar

Mellekde ýetişdirilen ýa-da bazardan satyn alnan gök önümleriň zaýalanmazlygyny gazanmak üçin, olary polietilen torbalara salyp, sowadyjyda saklaýarys. Ýöne bu torbalar önümleri bakteriýalardan gorap bilýärmikä? Munuň üçin iýmitiň zaýalanmagyna sebäp bolýan bakteriýalary zyýansyzlandyrýan torba döredildi. Döredilen bioaktiw torbalar plastmassanyň ornuny tutmagyna umyt bildirilýän bioaktiw kagyzlaryň nusgalary arkaly Fraunhofer Gözleg institutynda işlenip taýýarlanyldy. Ol torbanyň artykmaçlyklarynyň biri hökmünde, onuň bir gezeklik däldigi bellenilýär.

Dünýäde iň uly biolaboratoriýa kärhana

Fransiýanyň «Ynsect» kompaniýasy Amýen şäherinde dünýäde iň uly mör-möjek kärhanasynyň gurluşygyna girişdi. Bu ýerde her ýyl 200 müň tonna mör-möjek ýetişdiriler. Olar oba hojalyk pudagy üçin peýdaly mör-möjeklerdir. Täze önümçiligiň üçden bir bölegi suw we oba hojalygynda, galan bölegi bolsa dökün önümçiliginde ulanylar. Gurluşyk şu ýylyň ahyrynda tamamlanar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 25-nji maýy) Hormatly Baş sekretar!

Il saglygy – ýurt baýlygy

28-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar. Milli Liderimiz ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesowyň hasabatyny diňledi.

Bize mähribanlar — ata-ene gerek

Her maşgalanyň özüne mahsus däbi bolýar. Enem-atamyň doglan günlerini hemme doganlarymyz, ählimiz jem bolup gutlamak maşgala däbimizdi. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: «Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?» diýip, maňa maslahat saldylar. Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady. Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi. Gutlap başladyk.

Welosport: ekologiýa we sagdynlyk

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde «3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni» hem-de «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Welosiped ulagy ulaglaryň içinde iň ýönekeý, elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa ulag hasaplanylýar. Taryha ser salanymyzda, ilkinji welosiped 1817-nji ýylda ilkibada iki tigirli samokada meňzeş, iteklenip sürülýän görnüşinde döredilipdir. Ol «çapyşmak üçin ulag» diýlip atlandyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen samokat has-da kämilleşdirilipdir. 1884-nji ýylda çarhly welosiped döredilip, 1885-nji ýylda welosiped söýüjilere ýetirilipdir. Welosiped sürýän adamlaryň sanynyň artmagy netijesinde 1868-nji ýylda ilkinji gezek Parižde 2000 metrlik aralyga resmi ýaryş geçirilipdir. 1890-njy ýylda köpgünlük weloýaryşlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ilkinji ýaryş Pariž — Brest — Pariž 1200 kilometr aralygynda geçirilipdir. Welotrek boýunça dünýä ýaryşy ilkinji gezek 1893-nji ýylda Çikagoda, şosse welosporty boýunça bolsa 1921-nji ýylda Kopengagen şäherinde, Aziýa çempionaty bolsa, ilkinji gezek 1963-nji ýylda geçirilipdir. 1896-njy ýylda welosport Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdir. Welosport boýunça halkara welosiped sürüjiler birleşigi 1900-nji ýylyň 14-nji aprelinde esaslandyrylýar. Häzirki wagtda bu birleşige 150-den gowrak döwlet