Bananyň tagamyny bilmek

6 Iýun 2021
887

Hytaýyň «Sohu» neşiri gowy banany nähili saýlamalydygyny paýlaşdy. Munuň özi üns berilmeli ýagdaýdyr. Banan tagamly miwe, ýöne ol çalt zaýalanýar. Eýsem, hytaý neşiriniň hünärmenleri bu babatda nähili maslahatlary berýärler?!

Bilermenleriň hem nygtaýşy ýaly, banan göni ýa egri bolýar. Köplenç, alyjylaryň köpüsi miwäniň has tagamlysyny bilmek üçin onuň haýsy görnüşini saýlamaly diýen sowal bilen ýüzlenýärler. Makalanyň awtorlary bananyň doly bişýänçä, göni bolýandygyny belleýärler. Bişip ýetişme hadysasynda miwe ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylyga tarap ösýär, şol sebäpli hem ol egrelýär, bu banan salkymynyň bagdaky tebigy ýagdaýy bilen baglydyr.

Rozygeldi HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.