Her çitimi bir kyssa

6 Iýun 2021
1123

Dokmaçylygyň iň esasy görnüşleriniň biri bolan halyçylyk senedini türkmen halky has irki döwürlerden bäri dowam etdirip gelipdir. Ir döwürlerde türkmen maşgalalarynyň, öýleriniň her birinde diýen ýaly haly dokalýan eken. Türkmen zenanlary özleriniň irginsiz zähmeti, çylşyrymly bolmadyk, sadaja gurallary bilen dokma önümleri bolan halylaryň, palaslaryň, ketenileriň, el torbalarynyň dürli görnüşlerini dokapdyrlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçylyk sungatyna berilýän üns-alada has-da artdy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, şäherlerimizde, obalarymyzda «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň kärhanalary öndürijilikli işleýär. Şeýle hem halyçylyk senedini öýünde, maşgalasynda ýöredýän gelin-gyzlarymyzyň sanardan kändigini aýtmak gerek. Dokmaçylyk senedi, halyçylyk sungaty halkymyzyň şöhratly taryhy bilen bagly bolup, hala salynýan nagyşlaryň her biriniň çuň many-mazmuny bar. Olar görnüşi boýunça birnäçe toparlara bölünýär. Olardan tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gözelligini öz içine alýan «Keýik», «Kejebeli kerwen», «Düýe», «Düýedaban göli», «Ýylan», «Balyk teňňe», «Towşan yzy», «Öküz», «Gurbagaly gölçesi», «Goçbuýnuz» ýaly nagyşlary mysal getirmek bolar. Haly nagyşlarynyň içinde ösümlikler bilen baglanyşykly nagyşlaryň hem ençemesi bar. Olardan «Gürmek», «Perre gül», «Badam gül», «Badam», «Bugdaý bogun», «Güjümli» ýaly nagyşlar haly önümlerini bezeýär. Iş gurallaryna we hojalyk esbaplaryna degişli «Gaňrak», «Darak», «Toýnak», «Han gamçy» ýaly nagyşlar türkmen halylaryna çitilýän iň ýörgünli nagyşlardyr. Nepisligiň ajaýyp nusgasy bolan türkmen halylarynda we haly önümlerinde ýokarda agzanlarymyzdan başga-da, ençeme nagyşlar ulanylýar.

Nopar ÝAZGYLYJOWA,
Sarahs etrap merkezi kitaphananyň kitaphanaçysy.