Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde «3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni» hem-de «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Welosiped ulagy ulaglaryň içinde iň ýönekeý, elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa ulag hasaplanylýar.
Taryha ser salanymyzda, ilkinji welosiped 1817-nji ýylda ilkibada iki tigirli samokada meňzeş, iteklenip sürülýän görnüşinde döredilipdir. Ol «çapyşmak üçin ulag» diýlip atlandyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen samokat has-da kämilleşdirilipdir. 1884-nji ýylda çarhly welosiped döredilip, 1885-nji ýylda welosiped söýüjilere ýetirilipdir. Welosiped sürýän adamlaryň sanynyň artmagy netijesinde 1868-nji ýylda ilkinji gezek Parižde 2000 metrlik aralyga resmi ýaryş geçirilipdir. 1890-njy ýylda köpgünlük weloýaryşlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ilkinji ýaryş Pariž — Brest — Pariž 1200 kilometr aralygynda geçirilipdir. Welotrek boýunça dünýä ýaryşy ilkinji gezek 1893-nji ýylda Çikagoda, şosse welosporty boýunça bolsa 1921-nji ýylda Kopengagen şäherinde, Aziýa çempionaty bolsa, ilkinji gezek 1963-nji ýylda geçirilipdir. 1896-njy ýylda welosport Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdir. Welosport boýunça halkara welosiped sürüjiler birleşigi 1900-nji ýylyň 14-nji aprelinde esaslandyrylýar. Häzirki wagtda bu birleşige 150-den gowrak döwlet agza bolup durýar. Birleşigiň baş edarasy Şweýsariýanyň Egl şäherinde ýerleşýär.