Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

6 Iýun 2021
898

Il arasynda «Gallam bar – tyllam bar» diýen aýtgy bar. Munuň şeýledigine bugdaýly meýdana baryp, adaja öwüsýän şemala ygşyldaşýan bugdaý hoşalaryny synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Daýhanyň tutuş ýylyň dowamynda yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasyly göýä diýersiň, nurly Günüň çoguna öwüşgin atyp oturan tyllany ýadyňa salýar. Şonuň üçinem oňa tyllaýy bugdaý diýilýär.

Milli mukaddesligimiz bolan ak bugdaýy başynyň täjine deňeýän halkymyz geçen hepdäniň anna gününde, ýagny, 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişdi. Biz hem şol gün galla oragyna badalga berliş çärelerine gatnaşanlaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Çykyşlary taýýarlanlar Täzegül KULJIKOWA,«Bereketli toprak», Allaberdi SAPARGELDIÝEW, öz habarçymyz, Batyr ADYLOW, TAP-nyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy.