Geliň, saglygymyzy goralyň!

6 Iýun 2021
1007

Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda Güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän gök ekinlerden doly bolýar. Tomus paslynda ol önümleriň bolçulygy has-da artýar. Şonuň üçin bazarlara barylanda harytlaryň bolelin bolmagy dürli görnüşdäki tagamlary taýýarlamaga höwes döredýär. Esasan hem tomus pasly öý bikeleriniň bakja önümlerinden dürli gaplamalary taýýarlaýan döwrüdir. Şol sebäpli-de, gök önümler gaplanylýan wagtynda onuň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek hökmanydyr. Eger-de arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, saglyk üçin howply ýagdaý bolan iýmit zäherlenmesi döräp bilýär. Iýmit zäherlenmesi zaýalanan, ýaramaz hilli önümleriň, kesel dörediji mikroblaryň üsti bilen döreýär.

Tagamlar taýýarlanylanda, ýeterlik derejede gyzgynlyk ulanylmasa, taýýar iýmit önümleri nädogry şertlerde saklanylsa, möhletinden köp wagt duran bolsa iýmit zäherlenmesini döredip bilýär. Olaryň iň howplulary stafilokokk we botulizm kesel döredijilerinde duş gelýär.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.