"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Pagta hasyly we süýümiň çykymy

Dünýäde gowaçanyň 4 sany biologiki görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan iň köp ekilýäni gowaçanyň «G.hirsutum L.» görnüşine degişli orta süýümli sortlarydyr. Olar Ýer ýüzünde ekilýän gowaçanyň ekin meýdanynyň 90 göterimini eýeleýän bolsa, gowaçanyň «G.barbadense L.» görnüşine degişli inçe süýümli sortlar 8 göterimini tutýar. Gowaça, esasan, pagta süýümini almak üçin ekilip, onuň hasyly iki görnüşde hasaplanýar, ýagny, köp ýurtlarda onuň süýüm hasyly hasaba alynýan bolsa, beýleki ýurtlarda pagta hasyly hasapda durýar.

Gajar

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu guş ýurdumyzyň daglyk ýerlerindäki goraghanalaryň we Bathyzyň guşlarynyň iň täsin wekilleriniň biridir. Gajar guşlarynyň gözleri adamlaryňky bilen deňeşdirilende, 7 esse, hatda ondan-da ýitidir. Ol şeýle bir ýokary belentlikde uçýar welin, ýerden seredilende kiçijik guş ýaly görünýär. Ol oljasyny gördüginden ganatlaryny kakyp, aýaklaryny öňe uzadyp tizlik bilen aşak gaýdýar. Bu guşlar diňe bir ýere seredip uçman, eýsem, daş-töwereginde bolýan zatlary hem üns merkezinden düşürmeýärler.

Garaköli goýunlarynyň önümliligi hem-de hili

Häzirki wagtda dünýäde goýunlaryň 1200-den gowrak dürli ugurly tohumy örňedilýär. Olaryň sany häzirki günde ortaça 1,081 milliarda ýetýär. Dünýäde bar bolan goýunlaryň içinde ýeke-täk garaköli tohumly goýunlar çöllük we ýarym çöllük şertde uýgunlaşyp, dürli öwüşginli bagana we et-ýag, ýüň bermäge ukyply hasaplanylýan görnüşidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda mallaryň hemme görnüşinde bolşy ýaly, dowardarçylykda goýunlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça Mary welaýatynda önjeýli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Döwlet maldarçylyk birleşiginde bar bolan dowarlaryň düzüminiň 80 – 85 göterimi gara reňkli galamgül bagana görnüşli goýunlardan ybarat bolup, bu welaýatda şol ugur boýunça ýörite tohum mallaryny ösdürýän hojalygyň ýokdugy nazara alnyp, Ýolöten etrabynyň «Garaköl» dowardarçylyk hojalygynda dowarlaryň agramyny ýokarlandyrmak we galamgül bagana görnüşli garaköli goýunlarynyň ene sürülerini döretmek maksat edinildi.

Gün şöh­le­sin­den goranmagy başaryň!

Yn­san sag­ly­gy daş­ky gur­şa­wyň ýag­da­ýy­na örän bag­ly bo­lup dur­ýar. Adam öz sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin to­mus pas­lyn­da Gün şöh­le­sin­den go­ra­nyp gez­me­li bol­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz­da to­mus pas­ly jok­ra­ma ys­sy ho­wa­sy bi­len hasda ta­pa­wut­lan­ýar. Gyz­gyn­ly­gy­ň ýo­kar­lan­ma­gy adam be­de­nin­de myş­sa­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni pe­seld­ýär. Gün şöh­le­le­ri­niň tä­si­ri esa­syn­da adam be­de­ni­niň bol­ma­ly­syn­dan aşa köp gyz­ma­gy be­den ag­ra­my­nyň azalmagyna, iý­mit siň­di­riş, bö­lüp çy­ka­ryş we ýü­rekda­mar ul­gam­la­ryn­da­ky bo­zul­ma­la­ra, ga­nyň go­ýal­ma­gy­na, be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­li­gi­niň pe­sel­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Gün ur­masyna se­ze­war bo­lan adamyň özü­ni duý­şy we iş­dä­si pe­sel­ýär, be­den gyz­gyn­ly­gy peý­da bol­ýar, uku­sy­nyň we içe­ge­le­riň iş­leý­şi­niň bo­zul­ma­gy, akyl we fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­niň pe­sel­me­gi­ ýüze çykýar. Esa­sanda, Gün şöh­le­si­niň tä­si­rin­den ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ry we gar­ta­şan adam­la­ry go­rap sak­la­ma­ly­dyr. To­mus gün­le­ri Gün ur­masyna köp duş ge­lin­ýär. Ça­ga­lar ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na se­ret­mez­den, da­şar­da oý­na­ma­gy ha­la­ýar­lar. Ça­ga­la­ra ge­re­gin­den ar­tyk Gü­nüň aşa­gyn­da oý­na­mak zy­ýan­ly­dyr. Gün ur­masy — bu luk­man­la­ryň aýt­ma­gy bo­ýun­ça aşa ys­sy ho­wa­da Gün şöh­le­si­niň tä­sir et­me­gi ne­ti­je­sin­de kel­lebeý­nä ze­per ýet­me­gi­d

Tebigy dermanhananyň melhemleri

«Türkmen sährasynyň ösümlik dünýäsi» atly goşgular toplumyndan Alym Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryny okap, sere gelen setirler

Meýdan towşany bagyňa gelse...

Ekerançylykda daýhanlar dürli zyýankeşlere garşy göreşmeli bolýarlar. Şeýle bolansoň, olardan goranmak üçin ylmy esasda biologiki, himiki we beýleki serişdeler (garantga, ýaňlanyp duran ýa-da ultra sesli enjamlar, zyýankeşleriň gorkýan, halamaýan beýleki zatlary) ulanylýar. Bagbanlaryň täze oturdan nahallaryna beýleki zyýankeşler bilen bir hatarda meýdan towşanlary hem uly zyýan ýetirýärler. Olar sapylan nahallaryň peýwent edilen pyntyklaryny iýýärler. Bu bolsa bagbanyň ähli zähmetini puja çykarýar. Sebäbi peýwent edilen pyntyk nert şahadan (miwe şahadan) alnansoň, ol beýleki pyntyklar ýaly ajy bolmaýar. Şonuň üçin bagbanlar mallar ýa-da towşanlar degmez ýaly ýaş nahallaryň daşyna mata orap çykmaly bolýarlar. Bu bolsa köp zähmeti talap edýär. Ýöne ýaş nahallary meýdan towşanyndan, mallardan goramak üçin tejribeli bagbanlar täsin bir usuly ulanýarlar.

Ýyladyşhanalaryň döreýiş taryhy

Ýyladyşhanalaryň döreýşi gadymy Rim döwründen başlanýar. Ekiniň üstüni örtmek ýaly ýönekeý usuldan gurluşy çylşyrymly bolan ýyladyşhanalary döretmek boýunça häzirki zaman tehniki işläp taýýarlamalara çenli ýol geçildi. Rimli bagbanlar emeli usul bilen ýylboýy gök ekinleri ýetişdiripdirler. Olar tigirli arabajyklaryň üstünde gök ekin ekip, gündizlerine daşary Güneşe çykaryp, agşamlaryna bolsa ýyly jaýa salypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen ekinleriň üstüni ýapmak hem-de olary sowukdan goramak usulyny ulanyp başlapdyrlar. Soňra gurluşyny düzýän agaç germewleri, sütünleri, üstüne ýapylan aýnadan ýa-da reňksiz düzümli, dury mineral jisimlerden taýýarlanan ýyladyşhananyň üçekleriniň özi gyzypdyr. Netijede, ýyladyşhananyň içindäki howa gyzypdyr we ekinlere kadaly ösmäge şert döräpdir. Bu ýyladyşhanalarda tropiki ýurtlardan getirilen ekzotik ösümlikler we güller ýetişdirilipdir.

Berjaý edilmeli düzgünler

Mallary ýangyn howpundan goramak her bir maldaryň borjy. Mallardyr guşlar üçin taýýarlanan ot-iýmleri olaryň daşyna çykarylýan ýollaryň ugurlarynda ýa-da päsgel berip biljek ýerlerde ýerleşdirip goýmak gadagan. Mallaryň, guşlaryň saklanýan desgalarynyň gapylary, derwezeleri diňe daş tarapa, desgadan çykylýan ugur boýunça açylmaly. Desgalaryň ätiýaçlyk gapylaryny islendik wagtda açmaga mümkinçilik bolmaly. Mallaryň, guşlaryň gapylarynyň öňünde basgançak ýa-da pyrlanýan gapylar ýaly mallaryň çykmagyna päsgel berijileriň goýulmagy talabalaýyk däl. Mallaryň, guşlaryň saklanýan ýataklarynda ýeňil ýanyjy suwuklyklaryň, maddalardyr jisimleriň saklanmagy gadagan edilýär. Ýangyn ýüze çykan ýagdaýynda mallaryň tiz wagtda boşadylmagyny we ýatakdan çykarylmagyny üpjün etmek üçin süýt önümleri fermalarynda mallary toparlaýyn daňmak usulyny ulanmak zerurdyr. Mallaryň, guşlaryň saklanýan ýataklarynda elektrik geçirijileri polat turbalaryň içinden geçirilen we ýagtylandyryjy çyralarynyň daşlary gorag aýna örtükleri bilen ýapylan ýagdaýda bolmaly.

Suw hojalyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi

Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine gowşan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly meşhur edebi-filosofik eseri italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy. Bu kitapda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eseri halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, milli däp-dessurlaryň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlydygynyň subutnamasydyr. Halkymyzyň milli urp-adatlarynda öz aýdyň beýanyny tapan ýokary ynsanperwerlik ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Muňa 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda hytaý, ýapon, rus, gruzin, ukrain we azerbaýjan dillerine terjime edilendigi hem şaýatlyk edýär.

2 müň 100 tonna — edermen pileçilerimiziň üstünligi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileriniň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakynda buýsançly habar berildi. Munuň özi döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredilen şertleriň netijesidir. Milli Liderimiz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri, şol sanda welaýat häkimlerini hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ylmyň batly gadamlary — sanly ulgamyň kämilligi

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ata Watanymyzyň ilkinji «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy türkmen ylmynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň açyp görkezdi. Bu aragatnaşyk hemrasy milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişiniň, radioýaýlymlaryň eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, daş aralykdan teleokuwlary, telelukmançylyk aragatnaşygy guramaga oňyn şertleri döretdi. Ýurdumyzyň ähli çäginde ýokary hilli internetiň elýeterliligini üpjün etmäge, öýjükli aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwlet ýer kadastryny ýöretmek işinde aýrokosmosdan surata düşürmeleriň topograf-geodeziýa, kartografiýa, toprak, agrohimiýa, geobotanika we beýleki barlaglaryň geçirilip, ýer kadastr maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ulgamynyň döredilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Esasan hem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ilerlemelerine, önümçilik-tehnologiýa netijeliligine oňyn şert döredýän nazary bilimleriň, ylmy-inženerçilik pikirleriň we halkara ülňülerine daýanýan sanly ulgamyň döwrebap ösdürilmegine täzeçe badalga berdi. Bu günki gün ylma esaslanýan hem-de ýokary tizlik bilen ýaýraýan sanly ulgam dünýä ýurtlarynyň ösüş-özgerişiniň baş şertleriniň biri bolup durýar. Çünki sanly giňişligiň strategik ugurla

Güneşi ýatladýan gyzgyn çöregimizde Günüň nury, ene mähri, Watan görki bar

Ata-babalarymyz nesillerimize «Ýeriň görki galla» diýen ýaly paýhasly sözleriniň üsti bilen haýsy ekine köpräk ähmiýet bermelidigini örän aýdyň düşündirip, bugdaýa «ekinleriň soltany» hökmünde garapdyrlar. Munuň şeýle bolandygyny gadymda galla ammarsyz öýüň bolmandygy hem aýyl-saýyl görkezýär. Galla tylla deňelipdir. Öýüň baýlygy-da, mertebesi-de gallasy bilen ölçelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan şu günki günde hem bugdaýly, bereketli ýurda öwrüldi. Halkymyzda çörege mukaddeslik hökmünde garalýar. Bu mukaddeslik ýaşaýşyň sazlaşygyny düzýär. Ynha, biziň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinden taýýarlan «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligimize gatnaşanlar hem şular bilen baglanyşykly gürrüň etdiler.

Toýa sowgatly barýarys!

Serdar KAKAJANOW, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň A.Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Suw — zer, suwçy — zergär

Türkmen halkynyň ekerançylyk medeniýetiniň taryhy kökleri irki döwürden gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz suwarymly ekerançylykda suw bilen baglanyşykly kärleri hem döredipdirler. Şeýle hem «Suw — zer, suwçy — zergär» diýen ekerançylykda suwaryş işlerine uly ähmiýet beripdirler. Penjuwar — öňki döwürlerde derýanyň suw gatlalaryna gözegçilik edýän adam. Gatlanyň töweregindäki ähli suw ýollary olaryň garamagynda bolupdyr. Olar gatlalaryň abatlanylyşyna we ondan akýan suwuň bölünişine-de ýolbaşçylyk edipdirler. Suwçy diýip, ekin meýdanlaryna suw tutýan adama aýdylypdyr. Ekiniň bol hasylly, dok däneli bolmagy suwçynyň ukyp-başarnygyna bagly bolupdyr. Haşarçy diýip, gazy-haşar işini alyp barýan, gazy gazýan adama aýdan bolsalar, derini döküp, hysyrdyly işleri alyp barýan, hakynatutma haşarça merdikär diýipdirler. Sagatçy diýip köne döwürlerde suw paýlaýan adama aýdylar eken. Daýhanlar suwy bölmekde dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Ýurdumyzyň günorta sebitlerinde küýzäniň düýbüni biz bilen çalaja deşip, içine suw guýupdyrlar we bir gije-gündizde şol küýzedäki suw näçe gezek akyp gutarsa, ony kelemedäki suwuň sanyna bölüpdirler. Diýarymyzyň gündogar sebitlerinde bolsa, düýbi deşik gaba suw guýmak arkaly wagt kesgitlenipdir.

Tamdyr mukaddesligi

Halkymyz geçmişde durmuş tejribesiniň esasynda ençeme milli gymmatlyklary döredipdir. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem tamdyrdyr. Tamdyra pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan akyl-paýhasy, danalygy deýin keramat siňipdir. Häzirki wagtda uzak ýola sapara gidilende, bir işiň başy tutulanda, ýagşy niýet bilen tamdyry ýüzüne sylýarlar. Bu bolsa, türkmen halkynyň tamdyryň keramatyna, mukaddesligine gadymdan bäri uýup gelýändiginiň nyşanydyr. Il arasynda tamdyr keramaty barada ata-babalarymyzdan galan rowaýatlar hem aýdylýar.

Ösümlik ýaglarynyň häsiýetleri

Ösümlik ýaglaryny almak üçin günebakar, raps, gara tmin, gowaça, soýa, künji ýaly ösümlikleriň çigitleri, palmanyň we zeýtunyň hasyly, şaly, bugdaý, mekgejöwen ýaly ösümlikleriň işlenen galyndylary, şeýle hem dürli görnüşli maňyzlar peýdalanylýar. Bu ýaglar degişli ösümligiň ady bilen atlandyrylýar. Mysal üçin, zeýtun ýagy, künji ýagy, mekgejöwen ýagy, pagta ýagy we başgalar. Olar fosfatidlere we E witaminler toparyna (tokoferollara) baýdyr. Bu ýaglar iýmit üçin hem-de derman, kosmetiki serişdeleri taýýarlamak üçin ulanylýar.

Elektron abunaçy bolmaga howlugyň!

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ildeşlerimiz häzirki wagtda durmuş zerurlyklarynda Internet torunyň üsti bilen köp amatlyklara eýe bolýarlar. Maglumat almak, ibermek, elektron resminama dolanyşygy arkaly birnäçe işleri ýerine ýetirýärler. Edil şonuň ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, döwlet we dünýä ähmiýetli taryhy wakalar barada bilmek, gyzgyny bilen tanyşmak üçin watandaşlarymyz ýurdumyzda hereket edýän «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň elektron abunaçylary bolýarlar. Şu günler bolsa, bu internet sahypasynda eziz Diýarymyzda 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin elektron abuna ýazylyşygy başlandy. Hormatly okyjylar, «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň elektron abunaçysy bolmaga howlugyň! Türkmenmetbugatyň elektron okyjysy bolmak isleseňiz, el öýjükli smart telefonlaryňyzdan ýazylmak has amatly! Abuna ýazylmazdan ozal, telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan ýokary bolmaly.

Onuň ady Nejmeddin (Hekaýa)

(Taryhy şahslar barada aýdylan rowaýatlar esasynda) Çingiz hanyň haý-haýly ýörişleri, basybalyjylykly söweşleri baradaky habarlar onuň goşunynyň entek ädim ätmedik ýer-ýurtlaryna-da edil çapgynly ýel ýaly tiz ýetdi. Bu aýylganç habar Gürgenje-de gelip gowuşdy. Ony eşiden şäher ilaty, söwdagärlerdir senetçiler, şäheriň etegini penalap oturan küren-küren obalarda ýaşaýan çarwadarlardyr daýhanlar howatyrlanan hem bolsalar, galanyň içinde parahat durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan köşk emeldarlarynyň piňine däl ýalydy.