Banan agajy çyglylygy söýýär

18 Iýul 2021
1086

Banan çyglylygy we ýylylygy söýýän ösümlikdir. Banan agajy tropiki ýurtlarda ösýändigi sebäpli onuň boý almagy we ösmegi üçin belli bir temperatura, howanyň çyglylygy gerek bolýar. Ýyladyşhanada ýylyň dowamynda birmeňzeş ýylylyk, ýagny, gijesine +18+200 derejede, gündizine +25+280 derejede bolmaly. Sowuk howa we dowamly gurakçylyk bananyň ösüşini peseldýär. Gyşyna her aýda banan 1 sany täze ýapragy emele getirýär, tomusda bolsa, dört ýaprak emele gelýär. Pes temperaturada banan güllemeýär, hatda gül pyntyklary hem ösüp çykmaýar. Eger-de miweleri emele gelen bolsa, pes temperaturada miweleriniň ulalmagy birnäçe aýa çekýär ýa-da ösüp bilmeýändigini görkezýär. Bananyň ýapraklary saralyp we gurap başlasa, ol howanyň çyglylygynyň ýetmezçilik edýändigini görkezýär. Şonuň üçin bananyň ýapraklaryna suw pürkülip durulmaly. Suw pürkmek ýa-da çygly süpürgiç bilen süpürmek agşamara ýerine ýetirilýär. Tomus aýlary banan köp suw talap edýär, şonuň üçin bu döwürde suwy yzygiderli tutmaly. Banan tropiki ösümlik bolup, howanyň ýokary çyglylygy, ýagny, iň pesi 50-70 göterim bolmalydyr.

Göni düşýän däl-de, ýaýraýan ýagtylygy halaýandygy üçin bu ösümlige gerek bolan ýagtylygyň dowamlylygy azyndan 12 sagat bolmaly. Bananyň gowy ösüp we boý almagy üçin ýyladyşhananyň içinde yzygiderli howa çalşygy gerek bolýar.

Laçyn AHMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.