Seýisçilik sungatynda taýlaryň idedilişi

18 Iýul 2021
1412

Ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmäge 1920-nji ýyllarda başlanylýar. Munuň maksady ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamakdan ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň esasy üçüsi — ahalteke, arap we iňlis atlary köpeldilýär.

Atçylykda esasy meseleleriň biri olaryň baş sanyny artdyrmak bolup, ol hem ýeterlik mukdarda köp we hil taýdan gowy taýlary almakdan, ösdürip ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin her bir höwre goýberilýän ene baýtaldan ýylda bir taý almaga çalyşmaly bolýar. Atlaryň köpeldilişi, esasan, üç basgançakdan höwre çekmäge we gulunlamaga ýaramly baýtallary höwre çekip, olary gulunlatmakdyr we taýlary ösdürip ýetişdirmekdir. Bu hünärmenleriň atlaryň we baýtallaryň köpelişiniň biologiýasyny gowy bilmegini, taýlary ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny berjaý etmegi talap edýär. Gulunlama möwsümine öňünden taýýarlyk görmek işleri, ilkinji nobatda, atçy hünärmenleriň paýyna düşýär.

Röwşengeldi ABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.