Ýandak

18 Iýul 2021
2498

Ýandak kösükliler maşgalasyna degişli bolup, ol çöl ösümligi hasaplanýar. Onuň köki 20 metre çenli ýetip bilýär. Ol şekere baý bolup, onuň düzümindäki şeker yssy howada ýandagyň baldagynda şire görnüşinde bölünip çykýar. Şonuň üçin balaryçylykda ýandagyň baly iňňän tagamly nygmat hasaplanýar. Şeýle-de, ol şire bilen iýmitlenýän birnäçe mör-möjekleri iýmit bilen üpjün edýär. Ol çöl ösümligi hasaplansa-da, hakykatda çyglylygy, yzgary gowy görýär. Şonuň üçin ol şorlaşan ýerlerde hem gögerip bilýär. Ýandak köpýyllyk ösümlik bolup, ol maý aýynda gülläp, iýul aýynda kösük görnüşinde içi däneli miwe emele getirýär. Däneli ýandagy diňe bir düýeler däl, başga mallar üçin hem gyş azygy we ýokumly iýmit hökmünde peýdalanýarlar. Ýandagyň ekologiýa taýdan ähmiýeti hem ýokarydyr. Onuň baldagy we miweleri özünde azoty, howany saklamak bilen, onuň güýzde guran galyndysy toprakda çüýrüntgi emele getirýär we ony mikroelementler bilen baýlaşdyrýar. Onuň birnäçe ýyllap meýdanda galan çöküri şorlaşan ýerleri ýene-de hasyla ýaramly ýerlere öwürýär.

Ýandagyň ýerüsti bölegini dermanlyk hökmünde halk lukmançylygynda giňden peýdalanypdyrlar. Ýandak özünde C witaminini, karotini, efir ýaglaryny saklaýar. Onuň gaýnadylan suwuny derlediji, sowuklama wagtynda üsgülewügi ýumşadyjy serişde hökmünde peýdalanýarlar. Ony aşgazan-içege ýolunyň işiniň bozulmasynda peýdalansaň oňat ýardam berýär. Halk içinde ýandagyň gülünden taýýarlanýan melhemlik çaýy içilýär. Şeýle çaý suwsuzlygy oňat gandyrýar, ýadawlygy aýyrýar.

Döwletgeldi WELIÝEW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.