Ýagşy arzuwlaryň baýramy

18 Iýul 2021
638

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna barylýan günlerde türkmeniň toýlary toýa ulaşýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän iri desgalar, düýbi tutulýan binalar halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülläp ösýän Watanymyza bolan buýsançlaryny artdyrýar.

Şeýle buýsançly, toý-baýramly günlerde halkymyzyň gadymdan gelýän milli baýramy bolan Gurban baýramynyň ýetip gelmegi türkmen topragynda tutulýan toýlara özboluşly milli öwüşginleri çaýyp, kalplarymyzda ýakymly duýgulary oýarýar. Gurban baýramy ýakynlaşdygyça, oglan-uşaklar, gyz-gelinler, ene-atalar, umuman, her bir maşgala gadymdan gelýän bu baýrama taýýarlyk görmegiň aladasy bilen bolýarlar. Şunda Gurbanlyk ediljek malyň sagat-guratlygyna aýratyn üns berlip, goýun-geçi bir kişä, uly malyň eti ýedi kişä paý bolup, sadaka berilýär.

Amanmuhammet REPOW,
«Bereketli toprak».