Önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar

11 Iýul 2021
606

9-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.

Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş — ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň geçen alty aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

«Bereketli toprak».