Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

25 Iýul 2021
875

Ümmülmez tebigat wirtual muzeýe ýerleşdi

Wirtual sergileri guramak arkaly dünýäde meşhurlyk gazanan «TeamLab» ýapon sanly sungat platformasy Tokiodaky Sanly sungat muzeýinde täze sergisini hödürledi. Baglyk meýdany ýatladýan sergi birnäçe bölümden ybarat. Onuň «Bagyň güýzän gülleri» bölümine gelip görenler wirtual täsinlikleriň müňlerçesi bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. «TeamLab»-yň ýolbaşçysy Toşiýuki Inokonyň aýtmagyna görä, «ýuwaş-ýuwaşdan hereket edýän güllere seretseňiz, tiz wagtdan güller size seredýän ýaly duýgyny başdan geçirersiňiz». «Moss bagy» bölüminde bolsa, myhmanlar «mikrokosmosyň nähili rezonanslaşýandygyny» duýup bilerler.

Enejan BABAKULYÝEWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.