Saryçyrmaşyk

18 Iýul 2021
973

Oba hojalyk ekinleri gögerip çykandan soň, olaryň zyýanberijileri hem ýeterlik bolýar. Şoňa görä-de, ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg we garaşyk işlerini geçirmek zerurdyr.

Oba hojalyk ekinlerinde zyýankeş mör-möjeklere, kesellere we haşal otlara garşy göreş usullaryny ýygy-ýygydan geçirip durmaly. Olaryň içinde has zyýan berijisi saryçyrmaşyk haşal otudyr. Saryçyrmaşyk haşal oty ýorunja, sogan, sarymsak, ýeralma ýaly ekinlere esasy zeper ýetiriji haşal otlaryň biri hasaplanýar. Ösümlik dünýäsinde çyrmaşyklaryň 274 görnüşi bolup, olar dünýäniň ähli ýurtlaryna ýaýrandyr.

Serdar AKGAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.