Abadançylygyň möhüm şerti

18 Iýul 2021
675

16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzki bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şol sanda geljek ýylyň hasyly üçin zerur ýerleri we tohumlary taýýarlamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.