"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Miweli baglary ekmegiň we idetmegiň aýratynlyklary

Okyjylarymyzyň baglary ösdürip ýetişdirmekde, ekinleri zyýanly mör-möjeklerden goramakda ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda birnäçe sowallary özünde jemleýän bukjalaryň gazetimize gelip gowuşmagy dowam edýär. Şeýle sowally bukjalaryň birini-de, halypa mugallym, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy Taýtar Meretgeldiýew iberipdir. Taýtar mugallym gazetimiziň diňe bir okyjysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde, olary köpeltmekde irginsiz zähmet çekýär. Onuň gazetimize iberen şu gezekki sowallary-da bagbançylyk bilen baglanyşyklydyr. «Biologiýa synp otagynda 4 sany hasyl berýän limon agajyny ekdim, ondan başga-da 10 sany 2-3 ýaşan limon nahalym bar. Soňky döwürde limonlar gülleýär-de, güllerini dökme bilen bolýarlar. Bulardan başga-da, limon agaçlary hem-de otagda bar bolan hytaý bägülleri ýapraklaryny saraldyp, dökýärler. Otaga Günüň şöhlesi hem oňat düşýär. Otag şertinde ösdürilýän hytaý bägüli owunjak möjekleriň üýşmegi bilen şireleýär. Howlymyzda erik we badam (mindal) agaçlary ýazyň gelmegi bilen ak möjejikler zerarly şireleme keseline sezewar bolýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri erik şäniklerini ekip gelýärin, muňa garamazdan, olardan şu wagta çenli gögeriş alyp bilmedim. Miweli agaçlar ýaz sapylsa oňat ýetişýärmi ýa-da güýz? 15 ýyl mundan ozal gara tut agajynyň şahasyny alyp ekdim. Kök aldy, miwe-de berýär. Ýöne muň

Bag – bossanly Diýarym!

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş toplumlary, edara binalary, zawoddyr fabrikler, durmuş maksatly binalar, dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Görenleri haýrana goýýan bu ajaýyp binalaryň ýan-ýodalary tertibe salnyp, ol ýerlere saýaly, pürli we miweli agaçlaryň dürli görnüşleri oturdylýar. Oturdylan baglar, al-elwan güller bilen bir hatarda, häzirki zaman suw çüwdürimleri hem bu gözellikleriň üstüne gözellik goşup, giden bir ajaýyplyklary döredýär.

Maldarçylyk üçin döredilen weterinar bioserişdeler

Maldarçylyk pudagyny ösdürmek diňe bir mallaryň idedilişine we ot-iým üpjünçiligine bagly bolman, eýsem, mallary howply ýokanç kesellerden goramaga gönükdirilen ýörite weterinar çäreleriniň (sanjymlaryň, barlaglaryň) ýerine ýetirilişine, tebigatda ýaýraýan ýokanç keselleriň çaklamasynyň we epizootologiýasynyň öwrenilişine, mal keselleriniň öňüni almak üçin täze usullaryň we derman serişdeleriniň işlenip düzülişine hem-de önümçilige ornaşdyrylyşyna hem baglydyr. Bu meseleler S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Weterinariýa» bölüminiň esasy ugurlary bolup durýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda merkeziň alymlary we hünärmenleri ylmyň gazananlaryny özleşdirip, oba hojalyk mallarynyň brusellýoz (ýokanç bogun agyry) keseliniň öňüni almaga we ýok etmäge gönükdirilen ylmy işleri ýerine ýetirip, degişli teklipnamalary we gollanmalary önümçilige hödürlediler. Alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde Türkmenistanyň şertlerinde oba hojalyk mallarynyň brusellýoz keselini anyklamak hem-de öňüni almak boýunça ýörite weterinar bioserişdeleri işlenip düzüldi. Bu dermanlar degişli synag-barlaglardan geçirilenden soňra, olaryň kadalaşdyryjy tehniki resminamalary (KTR), ýagny, dermanlary ulanmak boýunça gollanmalar, hil barlaglaryny geçirmek boýunça tehniki şertleri işlenip düzüldi we degişli guramalar tarapyndan

Doganlyk halklaryň milli tanslary

Mälim bolşy ýaly, 6-njy awgustda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti ýokary derejede geçirildi. Baýramçylyk konsertinde ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen çykyşlar gadymyýetden gözbaş alýan dostlukly ýollary has-da ýakynlaşdyrdy. Berk dostlukly gatnaşyklary saklaýan sebitiň halklarynyň meňzeş taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bar. Munuň özi doganlyk halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynyň, dostlukly ýollarynyň mizemezligini görkezýär. Biz hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýdym-saz sungaty, medeniýeti, milli tanslary barada gyzykly maglumatlary taýýarlap, siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Geliň, örtük dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Nikel toplaýan ösümlik

Alymlar Awstraliýada hem-de Filippinlerde düzüminde nikel toplamaga ukyply bolan ösümligiň üstünden bardylar. Bu ösümligiň ady «Rinorea niccolifera» bolup, baldagynyň diametri 3-den 13 santimetre çenli, beýikligi 1,5 — 1,8 metr bolan gyrymsy agaçdyr. Miweleriniň göwrümi kiçi, ýagny 1 — 3 santimetre deň. Geçirilen barlaglara görä, ösümligiň ýapragynda 1,8 göterime çenli nikeliň bardygy anyklandy. Bu görkeziji beýleki ösümlikleriňki bilen deňeşdirilende ýokary görkezijidir. Ol ady agzalan ýurtlaryň günbatar böleginde, beýikligi 320 — 825 metr bolan jülgeleriň gaýalarynda ösýär. Bu sebitiň topraklary düzümi boýunça agyr metallara baý bolup, ol ýerlerde damarly ösümlikleriň 450-den gowrak görnüşi bar. Maglumatlara görä, bu ösümlik toprakdaky agyr we beýleki metallary özüne almak bilen, olaryň toprakda artykmaç toplanmagynyň öňüni alýar, netijede toprak tebigy ýol bilen arassalanýar.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Häzirki wagtda ynsan durmuşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerleri bolan edara binalarynda elektrik enjamlarynyň gurnalyş, ulanyş we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler dogrusynda mähriban ildeşlerimize ýüzlenip, şulary ýatladýarys. Elektrik enjamlarynyň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip, gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Islendik ýerlerde gurnalýan elektrik enjamlarydyr elektrik setleri sarp edijiler elektrik enjamlardaky tehniki ulanyş we gurluş düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmegini hemişe gözegçilikde saklap, birkemsiz işlemegini gazanmaly.

Hojalyk esbaplary we däne görnüşleri hakynda

Saman — bugdaýyň hasyly alnandan soňky galan bölegi. Börük — bugdaýyň gabygy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %. Arçabilde: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 709 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Awaza, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty) Siziň Alyhezretleriňiz!Hormatly döwlet Baştutanlary:Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparow,Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýew!

Mizemez doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşlere uzaýan ýollary

6-njy awgustda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum «Awaza» Kongresler merkezinde geçirildi. Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezine ugrady. Milli Liderimiz merkeziň eýwanynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň forumyna gatnaşmak üçin gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony nobatma-nobat mähirli, doganlarça garşylady.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama

(2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri) 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Dostluk suprasy: düşünişmek, ynanyşmak, ylalaşmak ýörelgesi

«Salam dost!», «Salam dogan!» diýen jümlelere telim gezek gabat gelip, ildeşlerimiz bilen özara pikir alşyp duran myhmanlar bu gün biziň «döwletli ojagymyzda» — Türkmenistanymyzda duz datdylar, türkmeniň myhmansöýerliginiň hezzet-hormatyny, hoşallygyny duýdular hem-de köňül matlaplaryny utgaşdyrdylar. Ösüş ugrundaky tagallalarda özara ynanyşmak ýörelgesine eýeribem, biri-biriniň dostluk goluny mäkäm gysdylar, bir ylalaşyga geldiler. Ine, şeýle ylalaşyklaryň başy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen badalga alyp, taryhy pursatlar bilen tamamlandy. Ýöne pursatlar tamamlansa-da, gatnaşyklarymyz ebedidir. Muňa biz ajaýyp Awazanyň goýnuna — dostluk suprasynyň başyna jemlenen dost-doganlarymyzyň göwnaçyk, hoşniýetli gatnaşyklaryndan hem ýene bir ýola göz ýetirdik. Mundan birnäçe aý ozal konsultatiw duşuşygyna gatnaşýandygymyz hakynda aýdanlarynda, ilki bilen serime dolan ýakymly ýatlamalar meni 2019-njy ýylyň noýabr aýyna alyp gitdi. Şol pursatlar edil, şu günki gün ýaly ýadymda. Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri. «Huş kelibsiz!» diýip, hormatly Prezidentimizi mähirli garşylaýan doganlyk özbek halky. Biz dost-doganlarymyzyň arasynda. Şonda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak bize hem miýesser etdi. Duşuşykda sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-ä täze ugurlary, hem-

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26...+28° maýyl, gündizine +40...+42° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm. Çyglylygy 5-25 %.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň talaby

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz 30-njy iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew öz çykyşynda gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanly türgen Polina Gurýewa — Olimpiýa medalynyň eýesi

Ýaponiýada geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Polina Gurýewa 27-nji iýulda, bu olimpiýa oýunlarynyň Türkmenistan üçin ilkinji medalyna mynasyp boldy. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda ezberlik bilen çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyň eýesi boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Hormatly Prezidentimiziň  XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Türgenlerimiziň halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem pudagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňdebaryjy agrar tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ekin meýdanlarynyň düzüminiň kämilleşdirilmegi, oba hojalyk önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygynyň has giňden ornaşdyrylmagy, ýokary hasylly, gurakçylyga durnukly we şora çydamly ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, agrar gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, toplumyň hojalyk subýektleriniň arasynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmak boýunça derwaýys işleriň dowam etdiriljekdigi kesgitlenýär.

Diýarymyzyň «Miweli ülkesi»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda olaryň işini höweslendirmek, döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Biz hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň çäklerinde ykdysady we durmuş ösüşi bilen öňe saýlanmagy başaran tanymal telekeçi, «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Ikinji ekin hem bol hasyl getirer

Şol bir ýerden ýylyň-ýylyna iki hasyl almagy özleriniň daýhançylyk ýörelgelerine öwren Mary welaýatynyň ekerançylarynyň ençemesi şu ýyl hem hasylyny ýygnan galla meýdanlaryna ikinji ekini — gant şugundyryny ekmegi meýilleşdirdiler. Sebit boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 14 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmegi özlerine baş maksat edinýän şugundyrçylaryň uly topary bu il-ýurt bähbitli işi amala aşyrdylar, ýene bir topary bolsa gant şugundyrynyň ekişini gijä goýman, tizara geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, zähmet çekýärler. Ekiş geçirilip, iki gezek suwarylan ekin meýdanlarynda bu aralyk ekiniň bereketli boljakdygynyň alamaty hökmünde endigan gögeren ösümlikler ülpüldeşip başladylar.

Ideg işleri geçirilýär

Bäherden etrabynyň pagtaçy kärendeçileri özleriniň kadaly gögeriş gazanan ekin meýdanlarynda gowaçanyň hatarara bejergisini geçirmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly işleriň her birini agrotehniki kadalara laýyklykda berjaý edýärler. Bu bolsa, ekiniň barha oňat boý almagyny we kadaly hasyl toplamagyny şertlendirýär. Etrabyň gowaça ekilen 12500 gektardaky ekinlerden oňat hasyly kemala getirmek ugrunda zähmet çekýän «ak altyn» ussatlary häzirki günlerde ekine ikinji we üçünji ösüş suwuny tutmakda yhlasly işleýärler. Häzirki wagt pagtaçylykda täze hasylyň örän boldumly ýetişmeginde esasy döwür hasaplanylýar. Boý alýan gowaçalar gül-günçalara beslenip, bereketli hasyl toplaýarlar. şoňa görä-de, şu günler ekine ideg etmekde Bäherden etrabynyň ekerançylary ähli mümkinçiliklerden örän netijeli peýdalanýarlar. Kärendeçi daýhanlar hojalyklaryň bereketli hasyl toplaýan atyzlarynda ekiniň agrotehniki ideglerini ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler. Häzir gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Gün-günden barha köp hasyl toplaýan gowaçalara ideg etmekde Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «Zähmet» daýhan birleşikleriniň pagtaçylary görelde alarlyk işleri bilen öňe saýlanýarlar.