Maldarçylyk üçin döredilen weterinar bioserişdeler

15 Awgust 2021
1014

Maldarçylyk pudagyny ösdürmek diňe bir mallaryň idedilişine we ot-iým üpjünçiligine bagly bolman, eýsem, mallary howply ýokanç kesellerden goramaga gönükdirilen ýörite weterinar çäreleriniň (sanjymlaryň, barlaglaryň) ýerine ýetirilişine, tebigatda ýaýraýan ýokanç keselleriň çaklamasynyň we epizootologiýasynyň öwrenilişine, mal keselleriniň öňüni almak üçin täze usullaryň we derman serişdeleriniň işlenip düzülişine hem-de önümçilige ornaşdyrylyşyna hem baglydyr.

Bu meseleler S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Weterinariýa» bölüminiň esasy ugurlary bolup durýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda merkeziň alymlary we hünärmenleri ylmyň gazananlaryny özleşdirip, oba hojalyk mallarynyň brusellýoz (ýokanç bogun agyry) keseliniň öňüni almaga we ýok etmäge gönükdirilen ylmy işleri ýerine ýetirip, degişli teklipnamalary we gollanmalary önümçilige hödürlediler. Alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde Türkmenistanyň şertlerinde oba hojalyk mallarynyň brusellýoz keselini anyklamak hem-de öňüni almak boýunça ýörite weterinar bioserişdeleri işlenip düzüldi. Bu dermanlar degişli synag-barlaglardan geçirilenden soňra, olaryň kadalaşdyryjy tehniki resminamalary (KTR), ýagny, dermanlary ulanmak boýunça gollanmalar, hil barlaglaryny geçirmek boýunça tehniki şertleri işlenip düzüldi we degişli guramalar tarapyndan tassyklanyldy. Şeýle hem bioserişdelere ilkinji oýlap tapyjylyk Patentleri berildi.

Çarymyrat ARAZOW,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Epizootologiýa» barlaghanasynyň müdiri.