Doganlyk halklaryň milli tanslary

15 Awgust 2021
1028

Mälim bolşy ýaly, 6-njy awgustda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti ýokary derejede geçirildi. Baýramçylyk konsertinde ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen çykyşlar gadymyýetden gözbaş alýan dostlukly ýollary has-da ýakynlaşdyrdy. Berk dostlukly gatnaşyklary saklaýan sebitiň halklarynyň meňzeş taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bar. Munuň özi doganlyk halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynyň, dostlukly ýollarynyň mizemezligini görkezýär.

Biz hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýdym-saz sungaty, medeniýeti, milli tanslary barada gyzykly maglumatlary taýýarlap, siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».