Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň hukuk esaslary

1 Awgust 2021
883

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem pudagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňdebaryjy agrar tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ekin meýdanlarynyň düzüminiň kämilleşdirilmegi, oba hojalyk önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygynyň has giňden ornaşdyrylmagy, ýokary hasylly, gurakçylyga durnukly we şora çydamly ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, agrar gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, toplumyň hojalyk subýektleriniň arasynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmak boýunça derwaýys işleriň dowam etdiriljekdigi kesgitlenýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.