Miweli baglary ekmegiň we idetmegiň aýratynlyklary

15 Awgust 2021
1181

Okyjylarymyzyň baglary ösdürip ýetişdirmekde, ekinleri zyýanly mör-möjeklerden goramakda ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda birnäçe sowallary özünde jemleýän bukjalaryň gazetimize gelip gowuşmagy dowam edýär. Şeýle sowally bukjalaryň birini-de, halypa mugallym, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy Taýtar Meretgeldiýew iberipdir. Taýtar mugallym gazetimiziň diňe bir okyjysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde, olary köpeltmekde irginsiz zähmet çekýär. Onuň gazetimize iberen şu gezekki sowallary-da bagbançylyk bilen baglanyşyklydyr. «Biologiýa synp otagynda 4 sany hasyl berýän limon agajyny ekdim, ondan başga-da 10 sany 2-3 ýaşan limon nahalym bar. Soňky döwürde limonlar gülleýär-de, güllerini dökme bilen bolýarlar. Bulardan başga-da, limon agaçlary hem-de otagda bar bolan hytaý bägülleri ýapraklaryny saraldyp, dökýärler. Otaga Günüň şöhlesi hem oňat düşýär. Otag şertinde ösdürilýän hytaý bägüli owunjak möjekleriň üýşmegi bilen şireleýär. Howlymyzda erik we badam (mindal) agaçlary ýazyň gelmegi bilen ak möjejikler zerarly şireleme keseline sezewar bolýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri erik şäniklerini ekip gelýärin, muňa garamazdan, olardan şu wagta çenli gögeriş alyp bilmedim. Miweli agaçlar ýaz sapylsa oňat ýetişýärmi ýa-da güýz? 15 ýyl mundan ozal gara tut agajynyň şahasyny alyp ekdim. Kök aldy, miwe-de berýär. Ýöne muňa garamazdan, häli-häzire çenli boý alanok. Sebäbi nämedenkä?»

Okyjymyzyň sowallaryna jogap bermek üçin biz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Kerimnazar Mämmetgulowa hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Laçyn Ahmedowa ýüz tutduk. Olar Taýtar mugallymyň sowallaryna şeýle jogap berdiler:

Taýýarlan Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».