Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

15 Awgust 2021
1105

Häzirki wagtda ynsan durmuşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerleri bolan edara binalarynda elektrik enjamlarynyň gurnalyş, ulanyş we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler dogrusynda mähriban ildeşlerimize ýüzlenip, şulary ýatladýarys.

Elektrik enjamlarynyň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip, gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Islendik ýerlerde gurnalýan elektrik enjamlarydyr elektrik setleri sarp edijiler elektrik enjamlardaky tehniki ulanyş we gurluş düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmegini hemişe gözegçilikde saklap, birkemsiz işlemegini gazanmaly.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
TIIM-niň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri.