Otag gülleriniň ähmiýeti

22 Awgust 2021
1386

Häzirki döwürde otag ösümlikleriniň köp sanly görnüşleri bar. Otag ösümlikleriniň käbir görnüşleriniň öý howasyny arassalamak mümkinçiliginiň ýokarydygy ylmy barlaglarda we geçirilen köp sanly tejribelerde bilermenler tarapyndan anyklanyldy.

Olaryň hatarynda hlorofitum, diffenbahiýa, hoýýa, fikus, kalanhoe, filodendron, asparagusy we başga-da köp sanly otag ösümliklerini aýtmak bolýar. Bu otag ösümlikleriniň arasynda wagt synagyndan geçen hlorofitum otag ösümligi has peýdaly hasaplanýar. Ol otagyň içindäki kömürturşy gazyny we mebellerden bölünip çykýan formaldegid maddasyny özüne siňdirýär. Hlorofitum howany çyglandyrýar we zyýanly mikroorganizmleriň ýaşaýjylyk ukybyny peseldýän fitonsid maddasyny bölüp çykarýar. Hlorofitum bir gije-gündiziň dowamynda 2 inedördül metr meýdandaky howany zyýanly mikroorganizmden arassalamaga ukyplydyr. Mundan başga-da, fikus otag ösümligi otagy egin-eşiklerimiz tämizlenende-de ulanylýan himiki serişdeleriň galyndylaryndan arassalamaga ukyply. Otagdaky agyr metallaryň galyndylaryny bolsa asparagus ösümligi özüne siňdirýär. Zyýanly mikroorganizmler bolan stafilokoklar we streptokoklara garşy geran, gibiskus, kalonhoe ösümliklerini otagda ösdürip ýetişdirmek has-da peýdaly.

Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.