Gök-bakja önümleriniň bol hasyly

15 Awgust 2021
829

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek baradaky öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň janypkeş ekerançylary şu ýylda ýeralmanyň, käşiriň, kelemiň, hyýaryň, pomidoryň, gawundyr garpyzyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Has takygy, etrap boýunça häzirki wagta çenli ýeralmanyň 1962 tonnasy, käşiriň 1982 tonnasy, kelemiň 1 müň tonnasy, pomidoryň 3 müň tonnadan gowragy we bakja önümleriniň 10 müň tonnadan gowragy taýýarlanyp, elýeter bahadan halka ýetirildi. Bu görkezijiler bolsa bellenilen şertnamalaýyn borçnamadan has artykdyr. Gazanylýan üstünliklere etrabyň «Türkmenistan», Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriň kärendeçileri saldamly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda ekerançylar meýdanlardaky gök-bakja önümlerini ýygnamagy dowam etdirýärler.

Gulatar GAZAKOW,
TKA-nyň Bereket etrap bölüminiň başlygy.