Injir şekilli şetdaly

22 Awgust 2021
1164

Injir şekilli şetdaly bägül güllüler maşgalasyna degişli miweli bagdyr. Onuň watany Hytaý bolsa-da, häzirki wagtda Orta Aziýada köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Adyna seretmezden, injir şekilli şetdaly injir bilen şetdalynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde alnan sort däldir. Bu şetdalynyň şekili injire meňzeş bolandygy üçin şeýle ada mynasyp. Injir şekilli şetdaly tagamynyň adaty şetdalylaryňkydan has şireliligi, ysynyň ýitiligi bilen tapawutlanýar.

Adaty şetdalydan tapawutlylykda injir şekilli şetdaly sowuk howa şertlerine çydamly bolýar. Bu ösümligi nahal arkaly we şänikden köpeldip bolýar. Nahal ekiljek meýdan güýz aýlarynda sürülýär. Bahar aýynda 1 metr giňlikdäki we 80 santimetr çuňlukdaky çukurlara nahal oturdylýar. Nahaly ekmezden öň bir gije-gündiziň dowamynda onuň köklerini ösdüriji madda-da ýatyrmak maslahat berilýär.

Äşe SOÝUNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.