Täze tehnikalar bilen täze üstünliklere

12 Sentýabr 2021
1089

Türkmen topragyna güýz pasly ýetip geldi. Bu pasyl daýhan üçin iň gyzgalaňly, joşgunly pasyl bolsa gerek. Çünki berekediň pasly hasaplanýan güýzde daýhan eken gallasynyň, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň boldumly hasylyny ýygnaýar, ýerlerini güýzki bugdaý ekişine taýýarlaýar, atyzlarda kemala getiren «ak altynyň» bol hasylyny döredýär. Hawa, daýhan üçin rysgal-berekediň toýunyň ýakymy ähli köňüllere şatlyk eçilýär, barçany joşdurýar.

Bu gün çuwal-çuwal ak bugdaýly, desterhany ak nanly türkmeniň ruhy belent. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, gallaçylar ähli zerur tehnikadyr dökün bilen üpjün edilýär, olaryň ýetişdiren galla hasylynyň döwlet tarapyndan ýokary bahadan satyn almagyna giň ýol açylýar. Şeýle mümkinçilikler topraga örküni baglan daýhanlarymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

Mübärek ATAKIŞIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.