Garaşsyzlyk — erkinligiň bahary

19 Sentýabr 2021
779

1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy. Şu ýyl, ýagny, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öz mähriban, asuda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bu — biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň gazananlaryny birugra sanap geçmek mümkin däl. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşymyzy gurşap aldy. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi mähriban we Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerden pürepürdir.

Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Hawa, Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel Diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylygy — mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýakymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny çaýan Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar.

Nurgeldi NURGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.