Döwlet Garaşsyzlygymyz — milli buýsanjymyz

26 Sentýabr 2021
915

Türkmen halkynyň biragyzdan ses bermegi netijesinde 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmenistanyň jar eden Garaşsyzlygy öz gözbaşyny parasatly ata-babalarymyzyň, akyldar danalarymyzyň milli döwletlilik, özygtyýarlylyk taglymatlaryndan alyp gaýtdy. Gadymy türkmeniň erk-isleginiň beýany jemlenen «Türkmenistanyň Döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi bilen, berkarar döwletiň syýasy-hukuk esaslary berkden tutuldy. Halkyň asylly ýörelgelerine esaslanan, ýurduň Konstitusiýasy bilen yglan edilen demokratik, hukuk we dünýewi Türkmenistan milli özboluşlylygy bilen häzirkizaman ösüşiň gazananlaryny utgaşdyrmagyň ýoluny seçip aldy. Ol ak ýollar bize milli däp-dessurlarymyzy täzeçe dikeltmäge, berjaý etmäge we rowaçlandyrmaga, tebigy baýlyklarymyza ygtyýarlyk etmäge esasy şertleri döretdi. Ata Watanymyzyň doly ygtyýarly, deňli-derejeli döwlet hökmünde dünýä dolmagyny, deňhukuklylyk esasynda halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etdi. Parasatly pederlerimiziň mähri we ruhy siňen keramatly türkmen topragynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna mynasyp bolmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.

Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin», «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýip, türkmeniň köňül küýsegini, özüniň şygyrlarynda arzuwlan milli Garaşsyzlygy halkyň göterilen ykbalydyr, milli buýsanjymyzdyr. Durmuş-ykdysady ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşydyr, şu günki üstünliklerimiziň we nurly gözýetimlerimiziň gönezligidir. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna buýsanyp, şu günki bagtyýar durmuşyna guwanyp, röwşen geljegine ýagşy umyt baglap, Ýer ýüzünde mertebeli ýaşamagynyň kepilidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk syýasatynyň özeni halkyň we halklaryň agzybirligidir, ýurduň we ýurtlaryň parahatçylygydyr. Halkyň Garaşsyzlygynyň kuwwaty maglumatlar asyrynyň täzeçilligine laýyklykda gadam urýan jemgyýetiň gurujylyk we döredijilik işiniň ylham çeşmesidir. Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşmagynyň, ösüşiň barha beýge galýan menzillerine göterilmeginiň hemişelik hemrasydyr. Her bir türkmenistanlynyň arzyly maksatlaryna gowşup, halkymyzyň abraý-mertebesiniň artdyrylmagyna, ata Watanymyzyň şan-şöhrata beslenmegine şahsy goşant goşmagyna ruhlandyrýan güýçdür.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.