Pagta ýygymy we bugdaý ekişi guramaçylykly geçirilýär

12 Sentýabr 2021
1092

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.