Düýe çaly melhemdir, jana şypadyr

19 Sentýabr 2021
1182

Ençeme asyrlardan bäri türkmen halky düýe çalynyň, agaranynyň dermanlyk hökmünde peýdalydygyna göz ýetiren halk. Jana şypaly düýe çaly we agarany türkmen saçagynyň bezegi. Düýe çaly diňe bir teşneligiňi gandyrman, eýsem, bedende suwdur duzuň, mikroelementleriň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün etmäge ýardam edýär. Özüne mahsus bolan ysy we tagamy bilen tapawutlanýan düýäniň süýdi hem çaly örän arassa önümdir. Düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleriň, çüýrediji bakteriýalaryň ösüşini togtadýan kömür we süýt turşularynyň saklanmagy düýe süýdüniň, çalynyň dermanlyk häsiýetini kesgitleýär.

Düýe çaly garynasty hem-de içege mäzleriniň beden üçin zerur maddalaryny işläp çykarmaga itergi berýär.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.