Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk özgertmeleri

5 Sentýabr 2021
958

«Milli ykdysadyýet» diýlende, ilki bilen oba hojalyk pudagy, onuň ösüş ýoly baradaky pikirler seriňe dolýar. Ylaýta-da, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gallaçy daýhanlarymyz agrotehniki çäreleri öz wagtynda dogry we ýokary hilli geçirmek bilen, ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Şu ýyl hem gallaçy daýhanlarymyz 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp sowgady boldy. Azyk üpjünçiliginiň özeni bolan guşgursak bugdaý bilen halkymyz doly üpjün edilip, onuň ätiýaçlyk mukdary öňdebaryjy enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edilen ammarlarda saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde däneçilik azyk bolçulygynyň binýady hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň düzüminde aýratyn orny eýeleýär, çünki türkmen topragynda asyrlaryň dowamynda çörek iň gymmatly baýlyklaryň biri, halkyň rysgal-berekedi hasaplanypdyr. Bu günki gün Watanymyzyň ýylsaýyn beýgelýän altyn öwüşginli bugdaý harmanlary türkmen saçaklarynyň bolçulygyny, abadançylygyny, ýurdumyzyň we halkymyzyň rowaçlygyny aňladýar.

Rejepgeldi MEREDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.