Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

5 Sentýabr 2021
727

Megerem, dünýäde ýolagçy bolup görmedik ynsan ýok bolsa gerek. Onda-da adamzat jemgyýetinde ylmy-tehnologiýanyň ösen häzirki döwründe «ýol», «ýolagçy» diýen jümleleri biziň her birimiz ýygy-ýygydan dile alýarys. Munuň özi biziň durmuşymyzyň öýümizden daşaryk ädimläp ugraýan ýerimizden başlanýan, jemgyýetçilik, ykdysady, medeni we beýleki ähli gatnaşyklar babatda iň möhüm wezipäni eýeleýän ak ýollar bilen berk baglydygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz sagdyn jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmegi, olaryň giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy her bir çykyşynda ündeýär. Şolaryň arasynda ulag-ýol hereketiniň kadalaryny doly bilmek we olary dürs ýerine ýetirmek bilen bagly wezipeler hem öňe sürülýär. Şuňa laýyklykda, ata Watanymyzda tutuş ýurt boýunça her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreleri guralýar.

Arslan BABAJANOW,
Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgäri.