Soňlanmajak bagtyň mukamy (Nowella)

5 Sentýabr 2021
715

Sähetmyrat gullukdan geleli bäri Nurgül ejäniň oý-pikiri ogluny öýermekdi. Otursa-tursa onuň şu meseläni gozgap, Sähetmyradyň ýüregine düşübermesi bardy. Gelin edinmek küýsegi kalbyny ymykly eýelänsoň, ene ýüregindäkini mydama dile getirýärdi: «Öň-ä «Okuwymy dynaýyn» diýdiň! Soň «Gullugy tamamlaýyn» diýdiň! Indi näme diýjek, haçana çenli garaşmaly men?! Sen-ä işe gidýäň, Sona-da okuwa. Men bolsa dört diwaryň arasynda ýeke özüm oturýan. Meniňem agtyk söýesim gelýär. Agtyklarym daşymda jagyl-da-jugul bolup otursady... Bu dymmalygyň, agraslygyň bilen näbileýin-dä gelinlik tapaýjagyňy?! Meniň saýlan gyzlaryma-da göwnüň ýetmän geçdi».

Kämahal Sähetmyradyň öýde wagty Sona joralary bilen tirkeşip öýe gelerdiler. Öz ýanyndan bolsa: «Doganym şu joralarymdan birini halaýmazmyka?» diýip, umyt ederdi. Hernäçe umyt edilse-de, Sähetmyrat gyzlara gabak galdyrmaýardy. Bir bahana arap, öýden çykyp giderdi. Sähetmyrat toý-tomga-da kän bir gidip durmazdy. «Dostum-ýenäm» diýip, öýdenem çykybermezdi. Mydama öz işleri bilen gümra. Kalbynda özüne mynasyp ýar tapmak, maşgala gurmak höwesi ýigidem öz ugruna goýanok. Ýöne çekinjeňligi zerarly gyz gözlerine seredip, ýeke agyz söz diýip bilmese nätsin görgüli! Nurgül eje-de oglunyň bu bolşuny gaty alada edýärdi. «Atasynyň agraslygy, dymmalygy geçäýipdir balama» diýip, uludan dem alardy.

Enejan ANNADURDYÝEWA.