Daglylaryň garyn saryýagy

12 Sentýabr 2021
969

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Leýlimekan obasynda taýýarlanylýan garyn saryýagy pederlerimizden biziň şu günlerimize gelip ýeten iýmitlik nygmatlaryň biridir. Obanyň ýaşaýjylary bu meşhur garyn saryýagyny ýagy alynmadyk süzmeden taýýarlaýarlar. 4 – 5 kilogram süzmäni tal agajyndan ýasalan boýy 100 – 110 santimetr uzynlykda, ini 20 – 25 santimetr inlilikde güpä salýarlar. Güpä salnan süzmäniň üstünden, takmynan, 10 litr suw guýlup aýran görnüşine gelýänçä, pişekleýärler, 45 – 50 minutdan soňra, aýranyň ýüzünde mesge-saryýag emele gelýär. Emele gelen mesge-saryýagyň ýüzüne elleri bilen az-azdan ýylymtyk suw sepeleýärler, şeýle edilende, ýaglar biri-birleri bilen birigýärler. Alnan saryýag bir gat hasadan iki gezek geçirilýär. Saryýagy her kim öz islegine görä düzläp taýýarlaýarlar.

Soňra bir goýnuň garnyny ýuwup, arassalap alýarlar. Alnan garnyň pürli tarapyny daşyna edip, içini ýelläp, agzyny berk daňyp, garyn guraýança asyp goýýarlar. Garyn guransoň ýelini ýuwaşlyk bilen çykaryp, süzmäniň sary suwuna 1 aýlap ezip goýýarlar. Her 2 – 3 günden süzmäniň sary suwuny täzeläp, garny ýuwup durýarlar. Garyn ýumşap, ysy doly aýrylyp, ak görnüşine gelip, taýýar bolýar. Taýýar bolan garny saryýagdan dolduryp, ýüp bilen içine howa girmez ýaly berkidip, daňyp goýýarlar.

Feruza ALLANAZAROWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.